Ýerli we daşary ýurt syýahatçylyk kompaniýalaryň şertnamalaryny hasaba almagyň tertibini tassyklandy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda çykaran 291-iş belgili buýrugy bilen “Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda syýahatçylyk işini alyp barýan fiziki we ýuridik şahslaryň daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşýan şertnamalaryny hasaba almagyň Tertibi” tassyklandy.
şu Tertibe göra,
daşary ýurt kompaniýalary – daşary ýurtda ýuridik şahs hökmünde bellige alnan we syýahatçylyk hyzmatlaryny etmäge ygtyýarlygy bolan syýahatoperatory ýa-da syýahatagenti;
2) syýahatçylyk agentlik işi (syýahatagentlik işi) – syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan we syýahatçylyk operatory tarapyndan çykyş syýahatçylygy boýunça işlenip taýýarlanylan syýahatçylyk önüminiň öňe sürülmegini we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň işi. Syýahatçylyk agenti giriş we içerki syýahatçylyk guralanda özbaşdak işi amala aşyrýar;
3) syýahatçylyk operatorlyk işi (syýahatoperatorlyk işi) – syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan we syýahatçylyk agentlerine hem-de syýahatçylara syýahatçylyk önümini döretmek, öňe sürmek, gitmek we durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan ýuridik şahslaryň işi. Syýahatçylyk operatory çykyş syýahatçylygyny guramak boýunça hyzmatlary etmekde aýratyn hukuga eýedir;
4) syýahatçylyk hyzmatlary – syýahatçylyk işiniň subýektleriniň syýahatçyny ýerleşdirmek, naharlamak, oňa ulag, maglumat-mahabat hyzmatlaryny etmek, şeýle hem syýahatçynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen beýleki hyzmatlar;
5) syýahatçylyk işiniň subýektleri – syýahatçylyk operatorlary (syýahatoperatorlary), syýahatçylyk agentleri (syýahatagentleri), gid-terjimeçiler, ýolbeletler, syýahatçylyk boýunça instruktorlar (hünärmenler), ýerleşdirilýän (ýaşalýan) ýerleri bermek, naharlamak boýunça hyzmatlary, ulag, ekskursiýa, güýmenje we beýleki syýahatçylyk hyzmatlaryny edýän telekeçilik işiniň beýleki subýektleri diýip düşünilmelidir.
Eýsem Şertnamalary hasaba almagyň tertibi nähilli?
Syýahatçylyk işiniň subýekti şertnamanyň hasaba alynmagy üçin Ministrlige ýüz tutýar.
Ýüztutmanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
1) şertnamanyň asyl nusgasy (ýa-da daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan elektron görnüşinde gol çekilen asyl nusgasy);
2) daşary ýurt kompaniýasyna syýahatçylyk hyzmatlaryny etmäge ygtyýar berýän resminamasynyň (ygtyýarnamasynyň, tertipnamasynyň ýa-da tertipnamasyndan degişli işi amala aşyrmaga hukuk berýän bir böleginiň we ş.m) Türkmenistanyň döwlet diline terjime edilen we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan nusgasy.
8. Şertnamalary hasaba almagy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik bölümi tarapyndan (mundan beýläk – bölüm) amala aşyrýar.
Bölüm şertnamany hasaba almagy syýahatçylyk işiniň subýektiniň ýüz tutmasynyň kabul edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) senenama gününden gijä galman amala aşyrýar.
Zerur bolan ýagdaýlarda şertnamanyň seljermesini geçirmek üçin hasaba almagyň möhleti uzaldylyp bilner, ýöne ol 30 (otuz) senenama gününden geçmeli däldir.
9. Bölüm tarapyndan hasaba alnan şertnamalaryň Sanawy ýöredilýär. Şertnamalary Sanawa girizmek bilen, hasaba alynýar. Şertnamalara hasaba alyş belgisi berilýär.
10. Şertnamanyň käbir bölekleriniň üýtgän halatynda şertnama goşundy ýa-da goşmaça ylalaşyk şertnamanyň hasaba alnan belgisi bilen hasaba alynýar.
11. Bölüm şu Tertibiň bäşinji böleginde kesgitlenen wezipelere laýyklykda ýüztutmany we onuň ýanyna goşulan resminamalary öwrenip, ony hasaba almak ýa-da hasaba almakdan ýüz öwürmek barada netije çykarýar.
12. Şertnamany hasaba almakdan ýüz öwürmek üçin şular esas bolup durýar:
1) şertnamanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Tertipde bellenen şertnamalary baglaşmagyň şertlerine we talaplaryna laýyk gelmezligi;
2) şertnamada syýahatçylaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini kemsidýän şertleriň bolmagy;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.
13. Şertnamany hasaba almakdan ýüz öwrülen halatynda Ministrlik ýüztutmanyň kabul edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) senenama gününden gijä galman, sebäplerini görkezmek bilen, bu barada syýahatçylyk işiniň subýektine ýazmaça habar berýär.
14. Syýahatçylyk işiniň subýekti Ministrligiň şertnamany hasaba almakdan ýüz öwürmek barada çykaran netijesi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, bu babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmäge haklydyr.
15. Bölüme berilýän şertnamanyň asyl nusgasy (ýa-da daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan elektron görnüşinde gol çekilen asyl nusgasy) sahypalar bilen belgilenilýär we syýahatçylyk işiniň subýektiniň möhüri bilen tassyklanýar.
Bölüm şertnamanyň asyl nusgasynyň (ýa-da daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan elektron görnüşinde gol çekilen asyl nusgasynyň) her birine Ministrligiň şertnamany hasaba almak baradaky möhürini basýar we şertnamanyň tertibi boýunça hasaba alyş belgisini, senesini ýazyp, bölümiň jogapkär işgäriniň goly bilen tassyklaýar. Hasaba alnan şertnamanyň asyl nusgalary (ýa-da daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan elektron görnüşinde gol çekilen asyl nusgalary) syýahatçylyk işiniň subýektine gaýtarylýar.
Bölüm hasaba alnan şertnamalaryň sanawyny kagyz we elektron görnüşde ýöredýär. Sanawa şu maglumatlar girizilýär:
1) şertnamanyň tertip boýunça hasaba alyş belgisi;
2) syýahatçylyk işiniň subýektiniň ady, hukuk salgysy;
3) syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň belgisi, berlen senesi;
4) daşary ýurt kompaniýasynyň ady, hukuk salgysy;
5) daşary ýurt kompaniýasyna syýahatçylyk hyzmatlaryny etmäge ygtyýar berýän resminamasynyň (ygtyýarnamasynyň, tertipnamasynyň ýa-da tertipnamasyndan degişli işi amala aşyrmaga hukuk berýän bir böleginiň we ş.m) belgisi, berlen senesi;
6) şertnamanyň belgisi, baglaşylan senesi;
7) şertnamanyň hereket ediş möhleti;
8) şertnamanyň hasaba alnan senesi.
17. Şertnamalara girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary hasaba almaklyk Tertibiň şu babynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
Şertnamalary baglaşmagyň şertleri we talaplary
Şular şertnama baglaşmagyň şertleri bolup durýar:
1) şertnamanyň islendik dilde ýazmaça görnüşde baglaşylmagy;
2) şertnama başga dillerde baglaşylanda, onuň türkmen diline terjime edilen we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan görnüşiniň syýahatçylyk işiniň subýekti tarapyndan bellige almak üçin berilmegi;
3) şertnamanyň düzüminde şularyň bolmagy:
a) şertnamanyň taraplary hakyndaky maglumatlar, şol sanda syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama (ygtyýar berýän resminama) hakyndaky maglumatlar, taraplaryň hukuk salgysy hem-de bank maglumatlary, şertnama gol çeken ygtyýarly şahslaryň ady we familiýasy;
b) şertnamanyň maksady, syýahatyň we syýahatda bolmaklygyň maksatnamasy, syýahatçylaryň howpsuzlyk şertleri, syýahatçylyk hyzmatlarynyň sarp ediş häsiýetleri barada maglumatlary goşmak bilen;
ç) tölegiň şertleri, tertibi we nyrhlary üýtgetmek mümkinçiligi;
d) taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;
e) şertnama üýtgetmeler girizmegiň, ony ýatyrmagyň, jedelleri çözmegiň we ýitginiň öwezini dolmagyň tertibi;
ä) taraplaryň we syýahatçylaryň nägilelikleri bildirmeginiň hem-de olara seredilmeginiň tertibi we möhleti;
f) syýahatçylyk toparynyň ýa-da hususy syýahatçynyň gelmegi we syýahatdan boýun gaçyrmak hakynda habar berilmeginiň möhleti;
g) syýahatçylyk önüminiň öňe sürülmegi we ýerlenmegi üçin zerur bolan beýleki şertler;
h) fors-mažor ýagdaýlary.
Şular şertnama baglaşmagyň talaplary bolup durýar:
1) şertnamalaryň Türkmenistanda we halkara syýahatçylyk ulgamynda kabul edilen kadalara laýyk gelmegi;
2) syýahatçylyk we syýahatçylyk industriýasy çygryndaky gatnaşyklaryň gatnaşyjylarynyň, şol sanda syýahatçylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy;
3) syýahatçylyk işiniň subýektleriniň ykdysady bähbitleriniň goralmagy.