Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly ösüşler we özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen yzygiderli üpjün edýän oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bütin ýylyň dowamynda halkymyzy ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa önümler bilen üpjün etmeklige hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ak bazarlarynyň tekjelerinde rejelenip goýlan dürli görnüşli önümler gözüňi dokundyrýar. Şol önümleriň içinde hem ýer hozunyň ähmiýeti örän uludyr. Ýer hozy ýag berýän ekinlere degişlidir.
Ýer hozy özüniň dänesiniň düzüminde 48-66 göterime çenli guramaýan iýmitlik ýagyny we 23-38 göterim belogy saklaýar. Ýer hozunyñ unundan her hilli kökeler, dürli hilli halwa önümleri taýýarlanylýar. Onuň künjarasynda 48 göterime çenli belok, 8 göterime çenli ýag saklanýar. “Snikers”, “Mars” ýaly ýokary hilli süýjiler ýer hozunyñ dänesini ulanmagyñ esasynda öndürilýär. Onuñ ýagy ýokary sortly konserwalary we margarin öndürmekde giňden ulanylýar. Ýer hozunyñ baldaklaryndan oba hojalyk mallary üçin ýokary hilli bede taýýarlanylýar. Onuñ düzüminde 11-19 göterime çenli belok saklanýar. Ýer hozunyñ agrotehniki ähmiýeti hem örän uludyr. Ol topragy azot bilen baýlaşdyryp, gowaça, däneli ekinler üçin örän amatly ekin bolup hyzmat edýär.
Ýer hozunyñ esasy watany Günorta Amerika bolup, ol ilki Filippinler adalaryna, soñ Ýaponiýa, Hytaý, Hindistan döwletlerine aralaşýar. Ýer hozy XVI asyrda Hytaýdan Ýewropa getirilýär. Şonuñ üçin oña uzak wagtlap Hytaý hozy diýilýär. Ýer hozuny has köp ekýän ýurtlara Birma, Indoneziýa, Hindistan, Orta Aziýa, Kawkaz ýurtlary, ABŞ we Afrika döwletleri degişlidir. Ýer hozunyñ ortaça hasyly gektara 15-18 sentner. Ýokary hasyly gektara 35-40 sentnere ýetýär.
Türkmenistanda ýer hozunyň ösüş döwri 150 güne ýetýär. Ösýän döwründe ýylylyga talapkärligi bilen tapawutlanýar. Ýer hozunyñ tohumlary 12 dereje ýokary ýylylykda ösüp başlaýar. Aşaky ýylylyklarda şinelemedik tohumlary örän tiz çüýreýär, ösüp başlan tohumlary ýylylygyñ peselmegine bagly bolýar.
Gämikleri 1-5˚C dereje aýaza durnukly. Güýz aýlary miweleme döwri 12 dereje we kadaly ösmegi üçin howanyñ ýylylygy 25-28 dereje bolmaly. Türkmenistanyñ yssy şertlerine hem döz gelýär. Güýz aýlary –2 derejede baldaklaryna zeper ýetirip bilýär. Bütin ösüş döwrüniň dowamynda gerek bolan ýylylygyñ jemi 2800-3200 derejä ýetýär.
Ýer hozy yzgary söýüji ekindir, ylaýta-da gülleme, miweleme döwründe köp talap edýär. Şol döwürde topragyñ 20 santimetr gatlagynyñ mydama yzgarly bolmagy hökmandyr.
Düzümi boýunça ýeñil toprakly ýerleri halaýar. Çägeli toprakly ýerlerde hem gowy bitýär. Ýer hozy ýagtylyk söýüji ekin bolup, kölegeli ýerleri halamaýar. Emma şetdaly we ýaşajyk baglaryñ hatararalarynda ekmek gowy netije berýär.
Ýer hozy dökünlere has ýokary talapkärligi bilen tapawutlanýar. Miweleme döwründe azot dökünlerini talap edýär. Ylaýta-da fosfor dökünlerini halaýan ekin. Azot ýygnaýjy bakteriýalaryñ işewürligi gowşanda azoda talapkärçiligi ýokarlanýar. Kaliý esasan şu elementleriñ ýetmezçilik edýän topraklarynda berilmeli.
Ýer hozy üçin iñ amatly öñüsyra ekin güýzlik bugdaý hasap edilýär. Ýer hozy dürli ekinlerden soñra ekmek hem bolýar. Ony güýzlük dänelilerden, mekgejöwenden, gowaçadan, künjiden soñra ekmek maslahat berilýär. Ýer hozunyñ özi köp sanly ekinlere gowy öñüsyra ekin bolup hyzmat edýär.
Topragy ekişe taýýarlamak çäreleri ekin galyndylaryny doly arassalamakdan başlanýar. Gatan toprakly ýerlere yzgar suwuny tutmak maslahat berilýär. Güýz sürüminden öñ gektara 15-20 tonna ders berlip, 25-30 santimetr çuñlukda ýokary hilli sürüm geçirilýär. Sürümden soňra ýerler talaba laýyk derejede tekizlenilip ýuwuş suwlary tutulýar. Ekişiñ öñ ýanynda yzgary gidişen ýerlerde tagt suwy berilýär. Toprak taba gelende ilki deñleýji, soñra tutuşlaýyn dyrmyklama geçirilýär. Soñra hatarara bejergileriň kömegi bilen 14-16 santimetr çuñlukda toprak ýumşadylýar we dyrmyk-mala basylýar.
Ekiş üçin ýer hozunyñ arassalanan tohumy bişen kösüklerini ulanyp bolýar. Tohumyñ arassalygy 90 göterim, gögerijiligi bolsa 85 göterim bolmalydyr. Tohumlar ekişden öñ dermanlanylsa ösüş döwründe duş gelýän kesellerden goramaga mümkinçilik berýär. Bar bolan maglumatlara görä, arassa tohumlar ekilende kösügi bilen ekilendäkiden gektardan alynýan hasyl 2-6 sentner artyk bolýandyr. Gabygy bilen ekilende gögerijiligi has uzaga çekýär.
Ýer hozundan ýokary we durnukly hasyl almak üçin esasy şertleriň biri hem öz wagtynda talaba laýyk ekiş geçirmeli. Ýer hozuny ekmek üçin iñ amatly möhlet 10-20-nji aprel aýy aralygy hasap edilýär. Ekiş usuly hatarlaýyn ekilip hatararasy 70 santimetre deň bolýar. Gektara 50-60 kilogram tohum harçlanýar. Tohumlar 6-8 santimetr çuňlukda ekilýär. Bir gektar ýerde azyndan 100-120 müñ düýp bolmaly. Gögerip çykyp hatarlary doly bildirip başlandan soňra, KRN 4,2 kömegi bilen hatarara bejergi geçirilýär we dökünler dökülýär.
Ösüş döwründe azot dökünleri bilen dökünlemek ösüşine, hasylyň artmagyna ýardam edýär. Şol sebäpli ösüş döwründe iki gezek goşmaça iýmit bermek has peýdalydyr. 1-nji gezek iýmitlendirmek gülleme döwrüniň öñ ýany 2-nji gezek köpçülikleýin miweleme döwründe azot, fosfor, kaliý dökünleri bilen dökünlenýär.
Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine görä, ýer hozuna jemi 5-8 gezek ösüş suwlary berilýär. Suwlary her 12-15 günden ýa-da ýygjamrak berip durmaly. Kösükler bişip başlanda suw tutmagy bes etmeli. Giçden soñ suwarmak ýaşajyk kösükleriñ bişmän galmagyna getirmegi mümkin.
Hasyly ýygnamak çäreleri kösükleri gowy bişip başlanda geçirilýär. Esasan uly meýdanly ekinlerde iki döwürli ýygym usuly ulanylýar. Ilki AP-70 maşynyň kömegi bilen kökleri kesilip, toprakdan silkip çykarylýar we uzaboýuna üýşmek edilýär. Her hatardan 1 zolak üýşmek ýasalýar. Kösükleriñ çyglylygy 20-25 göterime çenli azalanda ýa-da 3-5 günden soňra ýörite kombaýnlar bilen döweklenip alynýar. Eger-de döwekläp ýetişilmän üýşmek küde edilip goýulanda ösümlikleriñ kösügi görünmez ýaly içine tarap edilip basylmalydyr. Küde basylanda ösümlikleriñ çyglylygy 10-15 göterimden ýokary bolmaly däldir. Küdeleriň arasyndan howa geçer ýaly şert döretmeli. Şeýle edilende arassa we ýokary hilli hasyl almaga mümkinçilik berýär.
Amangeldi Hallyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady