Bu ýazgyny Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň 2001-nji ýylda şahyr Bahargül Kerimowa ýazan hatyndan göçürip aldym. Hatyň mazmuny şeýle: «Men öňem Bahargül bilen Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryna iş sapara gitdim. Şonda toparymyzda başga-da döredijilik adamlary bardy, ýöne Bäherden etrabynyň Durun obasynyň mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewa, şahyr Döwletgeldi Annamyradow hem-de Bahargül Kerimowa dagy bolup çykyş edenimizde Bahargülüň çykyşyna-da, özüne-de has göwnüm ýetip, ony birden sulhum aldy. Soňra ikimiziň «jynymyz» jyňkyryşdy-da ýakyndan gatnaşyp başladyk. Ilki men olara myhmançylyga bardym. Onuň maşgalasy bilen tanyşdym. Döredijilige düşünýän gowy ýoldaşy, ogullary, Şirin atly akyllyja Aý ýaly gyzjagazy bar eken. 2001-nji ýylda «Kosmos» restoranynda Bahargülüň gyzynyň durmuş toýuna bardym. Begenip toýda aýdym aýdyp, tans edip, ýaşlaryň bagtly bolmagyny arzuwlap gutladym.
Bir gün Bahargül öýümize gelende onuň bilen içgin syr alşyp oturdyk. Men oňa: «Bahargül adamyňy berkiräk saklaweri» diýdim. Ol meniň näme diýjek bolýanyma birbada düşünmän, gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi. Onsoň oňa Bahargül, men iki gezek durmuşa çykdym. Maşgala boljak bolup adamyma hyzmatymy gaýgyrmadym. Şonda-da özge zenanlar ärimi elimden aldylar. Şeýdip ýene men ýeke galmaly boldum, diýip aglanymy-da duýmandyryn. Şonda ol: «Liza jan, goý aglama! Seniň ýoldaşyňa wepaly bolup hyzmat edeniň peýdasy ýokdur. Yhlasyňa biparh garaýan biwepa duşsa alajyň bolmaz. Bu zatlar ykbaldyr. Janyň saglygyny dile» diýip meni köşeşdirdi. Onuň dünýäňe inçelik bilen düşünýän dözmez ýüregi bar.
Kä wagt şeýlebir içim gysýar. Onsoň Bahargüle jaň edýän. Öýümiz «Aşgabadyň 100 ýyllygy» seýilgähine golaý. Men-ä bärden, Bahargülem aňyrdan gelýär. Ikimiz gürrüňleşip iç döküşip oturýas. Ol: «Liza, Karkaranyň aýdymyny aýdyp beräý-dä?!» diýip haýyş edýär. Birek-biregiň öýüne baramyzda-da men-ä oňa Karkaranyň aýdymyny aýdyp berýän. Olam öz ýazan goşgularynyň arasyndan meniň has gowy görýän «Il günmüziň halyn sorap ýaşaryn» diýen goşgusyny ýatdan aýdyp berýär. Şondan soň hoşlaşýarys. Bu biziň bir-birimize goýýan gadyr gymmatymyzdy. Men il günüň söýgüsini, wepasyny, ynamyny şahyr ýüregine sygdyryp bilýän Bahargüle jan saglyk, uzak ömür, bagtly durmuş, ýene-de täze-täze goşgular döretmegini arzuw edýärin».
Haty okap oturyşyma ussat artist Ýelizaweta Garaýewa hakynda oýlandym. Sebäbi menem onuň bilen birnäçe gezek gürrüňdeş bolupdym.
Ilkinji gezek 2005-nji ýylda öýlerine söhbetdeşlige bardym. Iş ýerinden öý salgysyny alyp, özüne-de duýdurman öýüne gitdim. Gapysyny kakdym welin, gapyny açdy. Salam berip näme maksat bilen baranymy aýtdym. Ol işikde duran ýerinden agras keşpde morta:
— Siz men hakda näme bilýäňiz? — diýip sowal berdi. Onuň özüni alyp barşyna bir bada gaharym geldi, ýöne syr bildirmän, wiý, kän zat bilýäs. Siz «Mukamyň syry» filminde döreden «Karkara» keşbiňiz bilen milli kino sungatymyzyň taryhyna giren artist ahyry. Şol filmdäki aýdýan sözleriňiziň ählisi diýen ýaly ýadymda, hereketleriňiz göz öňümde dur diýdimde, onuň şol filmdäki dutar çalyp aýdym öwrenip oturyşyny ýatladym. «Karkaranyň» kakasynyň keşbini janlandyran meşhur artist Alty Garlyýewe: «Ja-n kaka, başyňa döneýin! Düşün men aýdym-sazsyz oňup bilemok» diýip, agy gatyşykly ses bilen özelenip ýalbaryşynyň, emma namysjaň kakasy gahar gazaba münende welin, jadyly sungat üçin: «At gülläňi, ýar gursagymy, içi doly aýdymdyr. Diri galsam aýdaryn. Ile çykyp aýdaryn!» diýip aýdýan sözlerini agzyna öýkenip aýtdym-da, «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» atly radio oýunda döreden Bessiriň keşbi hakynda gürrüň bereýinmi? Başga döreden keşpleriňiz hakynda-da aýtjak zatlarym köp. Döreden keşpleriňizde gahrymanyň her bir häsiýeti ýerbe-ýer ynandyryjy bolansoň ýatda galyjy — diýenimden soň, ýylgyryp: «Giriberiň!» diýip öýüne goýberdi.
Öň häsiýetine belet bolmamsoň, dogrusy, agraslygyndan çekinmänem durmadym, ýöne gürrüňdeş bolup başlamyzsoň sözümiz alşyp gitdi. Öýünde esli wagt oturdyk. Özem şo mahallar ýarawsyz eken. Sesi ýuwaşja çykýardy. Öýüniň töründe oturdym. Ol bolsa arkasyny ýaplar iki-üç metr aralykdaky diwara söýenip oturdy. Sesini eşitjek bolup süýşenekläp, süýşenekläp golaýyna baranymam duýmandyryn.
— Orta mekdebi rus mekdebinde okadym. Soň Mollanepes teatryň golaýyndaky sdudiýada kärdeşlerim Oguljeren Işangulyýewa, Rejep Hojagulyýew, Enejan Orazmyradowa, Oraz Baýramow dagy bilen bile okap hünär öwrendik. Aman Gulmämmedow, Oraz Hajymyradow, Aman Gurbandurdyýew, professor Guwanç Kerimi, režissýor Ýakow Gromow Feldmen we başga-da birnäçe halypalardan tälim aldyk. Teatr hem kino sahnalarynda ençeme keşpler döretmek miýesser etdi. Bazar Amanyň «Aýaz han» oýnunda çopan gyzy Bahargülüň, «Magtymguly» oýnunda Meňliniň, «Zöhre we Tahyr» oýnunda Zöhräniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda-da döredilen sahna hem kino eserlerinde döreden keşplerim bar.
Özbek dramaturgy Hamza Hekimzadäniň eseri esasynda «Baý we batrakda» Gülbaharyň keşbini döredenim ýadyma düşýär. Şol sahna oýnunda gamgyn heňdäki özbek aýdymy bar. Men ol aýdymy pugta öwrendim. Sebäbi «öz sesiň bilen aýt» diýdiler. Şonda halypalar: «Tomaşaçylar saňa hakyky özbek gyzydyr öýtdüler» diýip baha berdiler. Öwgüli sözler aýdyp begendirdiler.
Näme üçindir döreden keşplerimiň aglabasy agyr ykbally keşpler. «Şeýtan zürýatlary» sahna oýnunda maňa ýer yranmada kesegiň aşagynda galan ýetim gyzyň keşbini ynandylar. Entek eseri öwrenýärkäm aglap başlaýardym. Gahrymanyň dünýäsine nädip girenimi duýmaýan. Öň meniň dilim çalgyrdyrakdy. Sözleýşimiň üstünde köp işledim. Esasan bu babatda radio bilen köp işleşmegim kän kömek berdi. Dil meselesinde radionyň režissýory Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradyň maňa beren kömegi juda uly boldy — diýip gürrüň berdi. Men oňa siz-ä Juma Ýazmyradow hakynda öwgüli sözler aýtdyňyz. Juma agada siz hakynda gowy sözler aýtdy, diýip onuň aýdan gürrüňlerini aýdyp berdim.
«200-e golaý radio oýun goýdym.Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa şol oýunlaryň deň ýarynyň baş gahrymanynyň keşbini oýnady. Ol işjanly, sungata berlen ussat artist. «Köňül arzymany» atly telespektaklda baş gahrymanyň keşbini oýnady. Şonda Ýelizaweta Garaýewa durmuşyň iň bir wawwaly meselesi, ýeke ogly däli gyza aşyk bolýan enäniň keşbini janlandyrdy. Entek elindäki ýazgyny okap taýýarlyk görýän pursadynda-da ýalňyz balasynyň şeýle ykbalyna gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ýanyp-bişip oturyşyny görüp režissýor bolup özüm aglapdym. Üç-dört artistiň adyny tutmaly bolsam ilki bilen Ýelizaweta Garaýewa hem Oguljeren Işangulyýewa ýadyma düşýär. Liza Garaýewa gaýtalanmajak zehin. Onuň «Mukamyň syry» filmindäki döreden Karkara keşbi dünýä kino sungatyna goşant. Ýöne Ýelizaweta türkmen radiosynda-da köp iş etdi. Režissýor zehinsizräk artistem terbiýeläp, teatr sahnasynda oýun goýup biler, emma radioda režissýor baryp ýatan güýçli bolaýsyn, artist güýçli bolmasa ol hiç kimdir. Şu ýerde «Aýna rowaýaty» radio oýnuny ýatlasym gelýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, ýat illerde Aýnanyň adamsy Söhbediň üstünden daş gaýdyp ölýändir. Şo ýerde «Arkaç galdy Aýnam how» diýen aýdymyň ýazgysy gidýär. Lizanyň aýtmaly sözem ýokdur, ýöne her wagt hykylap, aglamaly. Ol welin keşbe girip uwlap otyr. Wagty bilen köşeşdiribem bolanok. Liza ynha, şeýle zenan. Ol ähli öwgüli sözlere mynasyp, zehini daş ýaran artist» diýdi. Meşhur artist, ussat režissýor Juma Ýazmyradow zehiniňize juda göwni ýetendigi üçin şeýle sözleri buýsanç bilen aýtdy, diýip ýüzüne sowal bilen seretdim. Ol özi hakyndaky aýdylan öwgüli sözlere diň salyp oturyşyna: «Juma Ýazmyrat beýik şahsyýetdir. Özgäni beýgeldip bilýänligi üçin beýikdir ol» diýip dymdy.
Ýelizaweta Garaýewa bilen şol gezekki söhbetdeşligimiz hakynda ýazan «Gaýtalanmajak zehin» atly makalam öňki «Gurbansoltan eje» žurnalynda çap boldy. Okapdyr. Sag bolsun aýdyp iş ýerimize jaň etdi. Bir aý töweregi wagt geçdem welin, kärdeşlerimiň biri: «Ýelizaweta Garaýewa iş ýerinde sadaka berýär. Şoňa sizem çagyrýar. «Hökman aýt» diýip sargyt etdi» diýdi. Uly artistiň şeýle çakylyk etmegi begendirdi hemem utandyrdy. Kiçijik makala ýazdym, diýip baryp durmagy gelşiksiz gördüm. Emma ol ýene-de jaň edip: «Hökman gelgin, ýogsa gynanaryn» diýip özüme-de aýtdy. Onsoň gitdim. Barsam teatrda giňden ýazylan saçagyň başynda hemme halypa artistler otyrlar. Gapydan girenimden pahyr gapdalynda ýer saklap goýupdyr. Ýanynda oturtdy. Töweregindäki kärdeşlerine: «Ynha, ol günki meni žurnala ýazan žurnalist, Akgül Saparowa» diýip tanyşdyrdy. Ýagşymyrat Akyýew neresse-de öň özi hakynda ýazamsoň tanaýardy. Jübüsinden eplengi kagyz çykaryp maňa: «Me, şuny al. Muşdaklarymyň maňa bagyşlap döreden goşgusy. Ýadygärlik berýän» diýip berdi.
Biraz oturamsoň öýüme gaýtmak üçin turmak bilen boldum. Ýelizaweta Garaýewa meni gapa çenli ugratdy. Şonda men oňa Siz hakynda öň ýazmaly ekenim. Tejen etrabyndan Enejan Esenowa atly okyjydan redaksiýa hat geldi. «Men ýetmiş bäş ýaşymda. Elli ýyl töweregi mugallym bolup işledim. Žurnalyňyzda sungat barada söhbet açyp gyzykly makalalary berýärsiňiz. Şeýle makalalaryň biri Akgül Saparowanyň ýazan «Gaýtalanmajak zehin» atly makalasydyr. Makalada belli artist Ýelizaweta Garaýewa hakynda gürrüň berilýär. Heniz ýaşkam men bu artistkanyň «Romeo we Juletta», «Bernardo Albanyň öýi» atly spektakllarda döreden baş keşplerine tomaşa edipdim. Şu haty ýazmak bilen mümkin bolsa meşhur artistiň ýokarda ady agzalan spektakllarda döreden keşpleri hakynda-da ýazmagyňyzy haýyş edýärin» diýip, Tejen şäherindäki pagtany gaýtadan işleýän zawodyň işgär gyzlarynyň alty sanysynyň adyny ýazyp, gyzlaryň geljekde artist bolmak arzuwlarynyň bardygyny beýan edipdir. Makalam üçin maňa-da sag bolsun aýdypdyr — diýip gürrüň berdim. Pahyr: «Sag bolsunlar» diýdi.
Soň ýene bir gezek oňa jaň etdim. Türkmenistanyň halk artisti Suraý Myradowa hakynda makala ýazdym. Makala üçin onuň suratlary gerek. Suraý eje bilen bile düşen suratyňyz barmy? — diýip soradym.
— Bar, ýöne men köp suratlarymy teatryň arhiwine tabşyrdym. Ertir iş ýerime bar-da arhiwden alaý» diýdi. Irden bardym, ýöne pasportly barmandyryn. Onsoň suraty alyp bilmän, yzyma gaýtjak boldum welin gapyda Ýelizaweta Garaýewa gabat geldi. Salamlaşdyk.
— Nätdiň, suratlary aldyňmy?
— Ýok, pasportyňy goýmasaň berenok ekenler.
— Ýör özüm alyp bereýin — diýip, suratlary yzyna eltip berjegime kepil geçip alyp berdi.
Men ony iň soňky gezek paýtagtymyzdaky häzirki Baş akademiki drama teatrynyň zalynda görüpdim. Barmaklarynyň ählisi diýen ýaly altyn ýüzükli, boýny altyn monjukly, egni mele reňkli lama paltoly oturgyçda otyr eken. Elimi uzadyp salamlaşsam, gujaklap ogşady. Sesi welin pyşyrdy bilen des-deň zordan çykýardy. Ol: «Operasiýadan soň sesimi ýitirdim. Sungat adamsy üçin sesiň kesilmeginden agyr jeza ýok eken» diýdi. Şeýle beýik artisti haly harap ýagdaýda görenime gaty gynandym. Şondan kän wagt geçen däldir. Bir gün gije ýatyrkam ol düýşüme giripdir. Türkmenistanyň halk artisti Oguljeren Işangulyýewa Ýelizaweta Garaýewanyň gapdalyndan söýget berip akyp ýatan uly ýabyň üstündäki köprüden geçirjek bolup dur. Jeren eje daýaw zenan bolsa-da, bir özi ony ýapdan geçirmäge güýji ýetenok. Ol: «Senem kömek edäý-dä! Bir özüme kyn bolýa» diýip menden kömek soraýar. Gözüm ýalpa açyldy. Oýanyp birhili biynjalyk boldum. Gören düýşümi kärdeşlerime gürrüň berdim. «Eşitmediňmi?Ýelizaweta Garaýewa dünýeden gaýtdy ahyry, pahyr. Eýýäm ýedisi geçdi» diýdiler. Onsoň «Yzy ýarasyn» diýeýin, diýip öýüne jaň etdim. Jaňy zenan maşgala aldy. «Men Ýelizaweta Garaýewanyň jigisi Ejegül. Liza bütin ömrüni sungata bagyş etdi. «Türkmeniň meşhur artisti» diýip tanaldy, emma görgüli ogly-gyzy bolman perzentsiz ötdi. Biz oňa hemişe gerek ýerinde hossarlyk kömegini bererdik, ýöne bakyýete göç edende onuň yzynda işigini açyp, aýat-töwir etjek dowamaty bolmasa kyn eken. Doganjygymyň işigi ýapyljak-da» diýip hamsykdy.
Dogrudanam şindi görseň kimdir biri perzentsiz dünýäden ötse: «Wah, ojagynyň ody öçüp, işigi ýapylaýdy-da» diýlen pursatlara özümem kän gabat geldim. Ýöne ol sözleri milli sungatymyzyň taryhyna giren Ýelizaweta Garaýewa hakynda aýdyp bolmaz. Sebäbi şeýle şahsyýetiň hiç wagtam işigi ýapylmaz diýip pikir edýän. Belki, öý muzeýi bolar, belki-de onuň öýüni hossarlyk eden ýakynlaryna berip, mahal-mahal goňşy-golamlary, deň-duşlary aýat-töwir edip işiginden girerler. Ýelizaweta Garaýewany ýagşylykda ýatlap onuň ruhuny şat ederler» diýip «Unudylmajak ussat» atly makala ýazdym. Makalam 2007-nji ýylda «Diýar» žurnalynda çap boldy. Ondan bäri esli ýyl geçdi. Her gezek teleýaýlymda Liza Garaýewanyň surata düşen filmlerinden görkezilýär welin öz-özüm pahyry ýatlaýan. Ol 1938-nji ýylyň 7-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Kalinin (häzirki adyny bilemok) etrabynda doglan. 2007-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda-da dünýeden gaýtdy.
Arada onuň kärdeşi Oguljeren Işangulyýewa hakynda makala ýazdym. Şonda onuň ogly Mergen aga: «Ejem Liza daýzam ýogalanda şeýlebir kän aglady. Entek ejemiň şonuň ýaly aglanyny görmedim» diýip ýatlady.
Liza Garaýewa aglanyňa-da, ýatlanyňa-da degýän artist. Ol barada gaýtadan makala ýazaýyn-la, ýatladygym bolar, diýip ýakynda onuň körpe uýasy Ejegül Garaýewa bilen gürrüňdeş bolup Ýelizaweta Garaýewany ýatladyk. Ol:
— Biz dört dogandyk. Iň ulymyz Liza, onsoň Ema, Geldimyrat atly bir oglan doganym, menem körpe. Kakam Bäherden etrabynyň Deşt obasynda doglan. Öz döwründe ýurdumyzyň hökümet ýolbaşçysy bolan Şaja Batyrow bilen bile oýnap-ösen obadaş. Ikisi partiýa mekdebinde-de bile okapdyr. Soň kakam işe ýollanyp Daşoguz welaýatyna iberilensoň biz şol ýerde doglan. Goňşularymyzyň ählisi diýen ýaly rus milletiniň wekilleridi. Ejem: «Olar bilen agzybir ýaşadyk. Çagalarymyza-da Ýelizaweta, Ema diýip şolar at dakdylar» diýip gürrüň bererdi. Ejem Akjemal Omarowa (şahyr bilen atdaşdy) obada kitaphanaçy bolup işlän. Men bolsa lukman. Talyp wagtym Lizanyň öýünde ýaşadym. Şonda onuň bilen teatra giderdim. Men onuň «Romeo we Juletta» sahna oýnunda döreden baş gahrymany Julettanyň keşbini has gowy görýän. Özi bolsa «Bernardo Albanyň öýi» sahna oýnunda döreden keşbini gowy görerdi. Maňa şol oýnuň wakasyny, oýunda janlandyran köp gyzly enäniň keşbi hakynda gürrüň berýärdi.
2016-njy ýylda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň toýlanýan wagtynda Ýelizaweta Garaýewa «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. Şonda oňa berlen Döwlet sylagyny almaga gitdim. Wah, berlen Şa serpaýyny doganjygymyň özi eli bilen alan bolsa, gör, nähili begenerdi, diýip tolgundym. Häzir onuň arhiw suratlaryny öýümde saklaýan. Käte suratlaryny synlap, Liza bilen bagly ýatlamalary hakydamda aýlap oturýan.
Okuwçy wagtym Lizalara myhmançylyga bardym. Şonda ol meni kino studiýa äkitdi. Kino görermikäm öýdüp begenip gitdim. Barsam daşary ýurt filmleriniň terjimesine ses bermäge barypdyr. Haýsydyr bir filmiň şol bir böleginde gahrymanyň aýdýan sözlerini agzyna deň getirip aýtjak bolup telim gezek gaýtalap otyr. Gapdalyndan seredip şeýlebir ýadadym. Öýe zordan geldim. Asyl kino göreňde hezil bolansoň beýle kyndyr öýdemok. Ol welin azarynada däl, ýadanogam. Işinden lezzet alýardy — diýip gürrüň berdi.
Onuň arhiw suratlaryny synladym. Liza Garaýewanyň Hindistana iş sapara gidende belli hindi artisti Raj Gapur bilen, hindi halkynyň ýurt ýolbaşçysy bolan Indira Gandi bilen düşülen suratlary bar eken. Türkmeniň meşhur sungat wekilleri bilen düşülen suratlaram kän. Her suratyň taryhy söhbedi diýseň gyzyklandyrdy. Liza Garaýewanyň öz döredilik hem durmuş ýoly hakynda ýazan elýazmalary-da bar eken. Olar hakynda ýene kän-kän makalalar ýazyp boljak. Esasy zat onuň arhiw ýazgylarynyň aýawly saklanýandygyny gördüm.
Akgül Saparowa.