SIZDEN GELENLER

“Ýazmak” we ähmiýeti

Döwrümiziň tehnologiki enjamlary bize aslynda 2 sany uly aýratynlygy unutdyrdy: okamak we ýazmak..

Töweregimizde we dost gurşawymyzda kitap okamagy endik edinen az sanly adam bar bolsa, ýazmagy endik edinen adam sany welin bütinleý diýen ýaly gabat gelmeýär.

Okamagy endik edinmedik adamlar üçin elbetde ýazmak aýratyn bir beýiklik ýaly bolup görünýän bolmagy ahmal, muňa düşünýärin. Sebäbi olaryň ilki bilen okamagy endik edinmeleri zerur. Emma okaýan adamlaryň ýazmaýandyklaryna welin hijem düşünip bilmeýärin.

Näme üçin ýazmaýarys?

Bilmedim welin belkäm ýazmagyň nähili peýdalydygyny bilýän däldiris.. Dogrudanam ýazmak bize näme goşant goşup bilerdi?

Geliň bu barada azajyk pikir ýöredip göreliň.

Çuňňurlaýyn pikir

Boýnumyza alalyň, biz günüň dowamynda haýsy-da bolsa bir mowzukda çuňňurlaýyn pikirlenmeýäris, aslynda muňa gündelik başagaýlyklar zerarly wagtymyz hem galmaýar. Ýazmak aslynda muny aňsatlaşdyrýar, sebäbi ýazmak üçin hökmany suratda pikir ýöretmeli bolýar.

Özüňi beýan edip bilmek

Töweregimiz we dost-ýarlarymyz bilen gatnaşyklarymyzdaky iň uly päsgelçilik düşünişmezlikler diýip hasap edilýän bolsa, munda pikiriňi dogry beýan edip bilmezlik hem rol oýnaýar. Ýazmak özümizi beýän etmekde bize örän möhüm bir goşant goşýar.

Ýazmak diňe edebi eserden ybarat däl

Ýazmak temasyna dogry ähmiýeti bermeýänligimiziň bir sebäbi hem ýazmak temasyna garaýşymyzdyr. Käbir adamlar ýazmak diýlende diňe edebi tekstleri: şygyrlardyr-powestleri we hekaýalary göz öňüne getirýär. Bu bolsa düýbünden nädogry. Ýazmak öz bilýän mowzugyňy tekste geçirmek diýip pikir etmeli. Eger sen üzümçilik bilen meşgullanýan bolsaň we edil şol üzümçilik mowzugyndaky tejribeleriňi we bu babatda dünýä metbugatyndan okan ylmy maglumatlaryňy tekstleşdirip ýazmak gerek.

Wagt gerek..

Ýene bir päsgelçilik bolsa ýazan zatlarymyzy hiçkimiň okamajakdygy baradaky pikirlerdir. Bu bolsa öz içimizde esasy göreşmeli duşmanlarymyzdan biridir. Bu babatda sabyrly bolmak zerurdyr. Şugünki ýazanlarymyzyň hiçkimiň ünsüni çekmeýänligi adatydyr. Emma muňa garamazdan hergün birzatlar ýazmaga dowam etsek wagtyň geçmegi bilen nämeleriň bolup biljegi barada azajyk oýlanalyň.

Pikirler berkeýär

Mundan daşary hem ýazmak diýlen zadyň iň jadyly tarapy, ýazmak arkaly öz pikirlerimizi berkitmegimizdir. Biz hemişe okan maglumatlarymyz we edinen pikirlerimiz biz bilen hemişe galjakdyr we islän wagtymyz ýadymyza düşjekdir diýen düşünjede bolýarys.

Aslynda welin bu beýle bolmaýar. Pikirler ýatdanam çykýar ýalňyş tarapa üýtgeýarem. Emma bir mowzukda birzatlar okanymyzdan soň şol okan zatlarymyz barada birzatlar ýazmak, pikirleri aňymyzda göýä diýersiň süňkleşdirýär we wagtyň geçmegi bilen üýtgemegini we ýatdan çykmagyny hasam kynlaşdyrýar.

Aňymyz üçin maşk..

Ýazýan temamyzy has gowy edip düşündirip bilmek üçin tiz, çuň we mümkingadar sistematiki pikirlenmäge mejburdyrys. Mowzuklary belli bir tertibe sokmak, jümleler arasynda sebäp-netije gatnaşygygyny sazlamak, suratlandyrmak we mysallandyrmak, bular aýratyn bir zähmet talap edýär.

Ýazmagyň her pursatynda ýagny sözlem düzenimizde, söz saýlamyzda ýa-da makalanyň bölümlerini tertiplänimizde diňe özümizi beýän etmek bilen çäklenmän, eýsem-de bolsa ýazanlarymyza okaýjynyň nähili düşünjekdigine hem üns bermeli bolarys. Bu ýagdaý ýazan wagtymyz ýatdan çyksa-da barlamak üçin täzeden seredenimizde tekst içindäki ýalňyş manylary görüp düzediş girizýäris.

Bular elbetde aňsat bolmaz emma bularyň bize näme peýdasynyň boljagyna ser salyp göreliň..

Ýazjak wagtymyz belli bir mowzuga ýokarda belleýşimiz ýaly üns jemlemeli bolýarys. Bu ýagdaýda beýindäki nöronlar ýokary derejede hereketlener we başdan geçiren wakalarymyzdan we ýatlamalarymyzdan ilteşikli maglumatlar jemlemäge başlar. Bu bolsa beýnimiz üçin örän ähmiýetli bir aň maşkydyr.

Kişi pikirine hormat..

Onsoňam ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, ýazýan zatlarymyza özgeleriň nukdaý nazaryndan seretmeli bolýändygymyz üçin, bu ýagdaý özge pikirlere hormat goýmak temasynda-da bizi kämilleşdirýär.

Dogry pikirlenmek..

Ýene bir bellemeli zat: bir adam ýazmagy endik edip başlanyndan soň ýazmadyk wagtlarynda-da bu stilde pikir ýöretmäge öwrenişýär. Bu nukdaý nazardan “ýazmak bize dogry pikirlenmegi hem öwredýär” diýsek megerem ýalňyş bolmasa gerek.

Ruhdan düşme..

Bu ýerde bizi ruhdan düşürip biljek zat: bir mowzukda näçe bilermen bolsagam bilýän zatlarymyzy ýazga geçirmäge başlanymyzda, ýazmak temasyndaky kemçiliklerimizi görüp başlamagymyzdyr.

Bu bizi ruhdan düşürmeli däl.

Sebäbi bir temany bilmek, şol temada bilermen bolmak we bilýän temaňda bilýanje zatlaryňy ýazyp bilmek örän tapawutly zatlar bolup durýar.

Biziň borjumyz maglumatlarymyzy köpeltmek üçin elimizden geldiginden kitap okamagy ýygjamlaşdyrmak we bulary ýazga geçirmek babatda yzygider zähmetlerimizden elimizi üzmezlikdir. Sebäbi ýazmagyň iň esasy şerti yzygider okamak we yzygider ýazmakdyr.

Köpçülige ýetirmek indi aňsat..

Ýazmak boýunça özüňi kämilleşdirmekde bize esasy itergi berýän zat elbetde ýazgylarymyzyň köpçülik tarapyndan okalmagydyr. Bu babatda döwrümiziň tehnologiki şertleri bize örän ajaýyp mümkinçlikler berýär.

Öňki döwürde ençeme hupbatlardan geçip, öz içiňdäki päsgelçilikleriňi ýeňip birzatlar ýazaňsoň muny çap etdirmek üçin metbugat edaralaryna ýüz tutmaly bolardy. Olaryň sany hem azdy hemem herbiriniň özboluşly metbugat stili bardy.

Häzirki döwürde welin beýle kynçylyklaryň hijisi ýok we internet äleminde ýazanlaryňy çap etmek gaty aňsat bolup durýar.

Terapiýadan tapawudy ýok..

Ýazmagyň köplenç ýekelikde edilýän bir iş bolmagynyň hem örän ähmiýetli paýy bar. Şeýle ýagdaýda aktiw pikirde bolmak we ýeke galmak aslynda terapiýadan tapawutsyzdyr.

Bu ýagdaý bize köp zat öwreder..

Diňe ýazjak mowzugymyz barada däl, özümiz barada-da öň ünsümizi çekmedik taraplarymyza göz ýetirip başlamagymyza sebäp bolar.

Geçmişiňden geljegiňe nazar..

Onsoňam aradan esli wagt geçenden soň öňki ýyllarda ýazan zatlaryňa ser salmak geçmişdäki özümize tarap täsin bir syýahat bolup durýar ahbetin. Munuň hem aýratyn peýdaly bir duýgydygy megerem ýalňyş bolmasa gerek. Şol ýola ünsli çemeleşip bilsek geçmişe giden ýoldan geljege tarap salgylary hem hökman görüp bolar.

Gadyr Nurýagdyýew

 

 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri