SIZDEN GELENLER

Ýatkeşlik

Ýatkeşlik – bu näme? Adamzadyň gadymy döwürlerden bäri çözmäge synanyşýan meseleleriniň biri bolan ýatkeşlik, iň beýik alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Häzirki wagtda beýniniň we esasanam hem, ýady öwrenmek üçin tutuş institutlar we ylmy barlaghanalar döredilýär.

Ýatkeşlik barasynda, San-Fransisko uniwersitetiniň alymlary dik oturanymyzda ýa-da dik duranymyzda maglumat ýatda has aňsat galýandygyna göz ýetirdiler, sebäbi bu ýagdaý gan we kislorod aýlanyşyny 40 göterim ýokarlandyrýar.

Mundan başga-da dünýä ilatynyň diňe 10%-i çep elde ýazýarlar we adamlaryň bu az bölegi maglumatlary has gowy ýatda saklaýarlar. Şeýlelikde alymlar çep elde ýazýan adamlaryň beýni ýarym şarlaryny birleşdirýän we ýatlamalary has aýdyňlaşdyrýan uly korpus kallosumynyň bardygyny anykladylar. Ýatkeşligiň dogabitdi bolmagyna, mysal hökmünde XVII asyryň ortalarynda ýaşap geçen italýan kompozitory Wolfgang Amadeus Mosarty getirmek bolar. Ol bir gezek eşiden kompozisiýasyny ýatda saklap we onuň notalaryny bellik etmegi başarypdyr. Ol bu başarnygy üçin Rim Papasy Klement XV tarapyndan altyn orden bilen sylaglanypdyr.

ÝATKEŞLIK BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR:

  • Awstraliýanyň Hobard şäheriniň ýaşaýjysy Paula Prentis üç aýlap atlary we salgylary bilen takmynan, 130 müň belgini öz içine alýan telefon bukjasyny öwrenipdir.
  • Nişan Naraýan 10 ýaşynda 12 minutda 225 elementi ýatda saklamak bilen dünýä rekordyny goýdy. Birnäçe ýyldan soň 1 minutda 132 san ýadyna düşüp, ýene bir rekord goýdy.
  • Üýtgeşik ýady bolan Dominik O’Brien hem Ginnesiň kitabynda rekord goýanlaryň biridir. Şeýlelikde ol 1994-nji ýylda ýat tutmak boýunça ýaryşlarynda düýbünden nätanyş hytaý dilinden 152 sözi ýatda saklamagy başardy. 

    Myrat GARÝAGDYÝEW,

    Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika