SIZDEN GELENLER

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary aýdyň beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym ulgamynda ylmy-barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem ylmyň, tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi ylym, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler bilimiň, ylmyň, önümçiligiň sazlaşygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Ýurdumyz ylym we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar.

Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde daşary ýurt dilleriniň örän uly ähmiýeti bardyr.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň dil bilimini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň dil taýýarlygy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, erkin gürläp bilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Sözleýiş dilini ösdürmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Beýle diýildigi, mysal üçin, rus dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Esasan hem, mugallym başlangyç synplarda rus dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmak üçin irginsiz gözlegde bolmalydyr. Çünki mugallym okuwçynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini, has takygy, olaryň täze tema bilen tanyşmagyny, şonuň esasynda-da dil we ýazuw ýumuşlaryny dogry hem dürs ýerine ýetirmekde yhlasly zähmetini, şolary özbaşdak peýdalanyp bilmegini guraýar. Sapakdan daşary (öý işi, özbaşdak işi) özbaşdak ýerine ýetirmeli işlerini yzygiderli guramak hem okuwçynyň höwesini artdyryp biler.

Dünýä dillerini öwrenmek, bilmek ylym-bilimiňi, dünýägaraýşyňy artdyryp, gözýetimiňi giňeldýär. Nakyllarda we atalar sözünde «Köp dil bilen köp biler» diýilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge, bu ugurdan hünärmen bolup ýetişmäge yhlasly ýaşlaryň kändigine guwanjyň artýar.

Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şonuň üçin eýýäm mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere iňlis we rus dilleri öwredilip başlanýar. Çagalar bagyny üstünlikli tamamlap mekdebe başlanlarynda hem başlangyç synp okuwçylaryna iňlis we rus dillerini öwretmek dowam etdirilýär. Biz – mugallymlar hem okuw sapaklarynda okuwçylaryň ünsüni çekmek üçin we daşary ýurt dillerine bolan höwesini has-da artdyrmak üçin iň öňdebaryjy usullardan ýerlikli peýdalanýarys.

Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde diliň örän uly ähmiýeti bardyr.

Ejebaý Söýünowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri