SIZDEN GELENLER

Ýaponiýada sakura gülledi

17-nji martda Ýaponiýada sakura agajy gülledi. Sakura Günüň dogup barýan ýurdy bolan Ýaponiýanyň resmi däl milli nyşany hasaplanýar. Sakura agajynyň güllemegi ýapon halky tarapyndan esasy wakalaryň biri hasaplanýar.

Üstümizdäki ýylda ilkinji güllän sakuralara Fukuoka prefekturasynda duş gelindi. Ýurduň meteorologlaryň çaklamalaryna görä, ýurduň paýtagty bolan Tokioda sakuralaryň ilkinji pyntyklary 21-nji martda açylar. Sakura agaçlarynyň köpçülikleýin güllemek möwsümi 29-njy martda hasaba alynmagyna garaşylýar.

Sakura üljeler maşgalasyna degişli bolup, onuň 400-den gowrak görnüşi bar. Agajyň beýikligi ýaşyna laýyklykda 8 metre çenli ýetýär.

Ol 12 günläp gülläp durýar we şol günler adamlar diýseň şat bolýarlar. Onuň miwesi tüwüden nahar taýýarlanylanda, oňa üýtgeşik tagam, ys bermek üçin goşulýar.

Sa­ku­ra, köp­le­riň pi­kir edi­şi ýa­ly, ül­je däl­dir. Bu ösüm­lik ýa­ba­ny ga­ra­ly aga­jy­nyň bir gör­nü­şi­dir. Ýa­pon­lar we daşary ýurtly syýahatçylar bu aga­jy ga­ty go­wy gör­ýär­ler we oňa aý­ra­tyn ideg ed­ýär­ler. Sa­ku­ra ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýa­pon şa­hyr­la­ry­ny yl­ham çeş­me­si bo­lup­dyr.

Ge­çen ýyl hem sa­ku­ra­nyň mart aýyn­da gun­ça­lan­dy­gy ha­bar ber­lip­di. Sa­ku­ra gü­lü­niň il­kin­ji gun­ça­la­ma­sy­nyň wag­ty 1953-nji ýyl­dan bä­ri ha­sa­ba alyn­ýar. Adat­ça, bu aga­jyň gül­le­ýän döw­rün­de köp­ler wagt­la­ry­ny oňat ge­çir­mek üçin sa­ku­ra se­ýil­gä­hin­de ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Sa­ku­ra­nyň gül­le­ýän döw­ri sa­ku­ra se­ýil­gäh­le­ri­ne ge­ze­lenç­le­riň wag­ty ha­sap­lan­ýar. Sa­ku­ra ag­şam ça­gy to­ma­şa et­mek has-da lez­zet­li. Çün­ki se­ýil­gäh­ler gül­gü­ne reňk­li bu agaç­la­ry has-da gö­zel­leş­dir­ýän yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­ýar.

“Sakura” diýilýän köp görnüş diňe bezeg ösümlikleri hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär we ownuk we iýip bolmaýan miweleri berýär. Sakura beýleki ösümlikleriň gapdalynda gaty gowy ösýär, olaryň nähili ekilendigine baglylykda başgaça täsir edýär.

Ýaponiýada sakuranyň güllemegi döwlet derejesinde bellenilýär: Hanami baýramçylygy bellenär we ol Tokionyň esasy Şinjuku seýilgähinde bolup geçýär – oňa diňe bir meşhur syýasatçylar däl, eýsem imperator maşgalasynyň agzalary hem gatnaşýar.

Aknur Aklyýewa, 

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/fahriya-aliyewa-sungata-bagyslanan-omur/

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…