Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) “Rysgal” banky bilen hyzmatdaşlykda wençur maýa goýumlary boýunça “Yyldyz” myhmanhanasynda iş maslahatyny geçirdi.
Hususy pudagynyň maýadarlary, maliýe edaralarynyň, IT kompaniýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, döwlet düzgünleşdiriji edaralaryň we Türkmenistanyň startaplar we wençur ekoulgamynyň beýleki gyzyklanýan taraplary bu forumyň işine gatnaşdylar. Halkara maýa gaznalarynyň esaslandyryjylary, hususy maýadarlar hem-de Bolgariýadan, Gazagystandan, Singapurdan gelen bilermenler Türkmenistanyň startaplar we wençur maýa goýumlary ulgamlaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
USAID-ň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze özüniň gutlag çykyşynda: “Bu forum wençur maýadarlarynyň we “maýadar-perişdeler” ady bilen belli bolan startaplara maýa goýmaklyga höwes bildirýän hususy telekeçileriň kömegi bilen Türkmenistanyň innowasion ykdysadyýetiniň çalt depginde ösmegi üçin institusional we hukuk binýadyny goldamak ugrunda gowy mümkinçilikleri döreder,”- diýip belledi.
“Vitosha Ventures”, “Turkmenaragatnaşyk” agentligi, “MOST Ventures” we “Quest Ventures” ýaly innowasiýalar we wençur maýa goýum pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalaryna we edaralaryna wekilçilik edýän işewürler forumyň gün tertibine laýyklykda çykyş etdiler. Foruma gatnaşyjylar maýa goýum strategiýalary we wençur gaznalarynyň artykmaçlyklary, maýa goýum işiniň dürli taraplary we hususy maýadarlaryň startaplar, ýagny başlangyç telekeçileri bilen özara gatnaşyklary, şeýle hem Türkmenistanda ilkinji wençur gaznasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly amaly ädimler barada düşünjelerini giňeltmek ugrunda gowy mümkinçilik aldylar.
Durnukly ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde innowasiýalaryň we sanly ykdysadyýetiň wajyplylygyny nazara almak bilen, 2020-nji ýyldan bäri USAID Türkmenistanda “Startaplaryň Ekosistemasy” atly startap-inkubator maksatnamasynyň üç tapgyryny goldady. Mundan başga-da, USAID “perişde” maýadarlarynyň ýerli jemgyýetini döretmekde goldaw berdi, bu hem beýleki artykmaçlyklar bilen bir hatarda innowasiýalar startaplary maliýeleşdirmek ugrunda möhüm alternatiw çeşmeleriň biri bolar. Startaplary we wençur ekoulgamyny goldamak bilen, USAID täze iş orunlaryny döredýän, öndürijiligi we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýan şeýle hem ykdysady ösüşe itergi berýän innowasion kärhanalaryň hem ösmegine kömek edýär.