MEDENIÝET

Wan Goguň täze suraty sergä çykaryldy

Dünýä belli suratkeş Winsent Wan Goguň galam bilen çeken, ozal görkezilmedik suraty ilkinji gezek Amsterdamda sungat söýüjileriň dykgatyna ýetirildi.

BBC-iň habaryna görä, Amsterdamdaky Wan Gog muzeýi suratkeşiň öň görülmedik ýadaw bir gojany suratlandyran täze suratynyň tapylandygyny tassyklady. Muzeý Wan Goguň “Study for Worn Out”  eserini 1882-nji ýylda çekendigini mälim edýär.

Bu suratyň bir asyrdan gowrak wagt bäri, niderlandly maşgalanyň şahsy ýygyndysynda saklanyp galandygy we şu gün ilkinji gezek Amsterdamdaky muzeýde görkezilendigi habar berildi.

Wan Gog muzeýiniň hünärmenlerinden Teio Meedendorp suratyň ozal  hiç bir ýerde tanyşdyrylmandygyny we ilkinji gezek  golaýda üsti açylandygyny, şeýle hem eseriň maddy gymmatyny mälim etmegiň düýbünden mümkin däldigini aýtdy.

Bu surat 2-nji ýanwara çenli görkeziler.

 

“Microsoft”: ulanyjylara açarsyz girmäge rugsat berer

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi