Bankda bir hasabyňyz bar diýeliň we bu hasabyňyza her gün irden 86.400 $ pul geçýär.Ýöne bu puluň ählisini agşama çenli harçlamalysyňyz, ertesi güne geçirilenok.Siz şol puly harçlasaňyz-da, harçlamasaňyz-da hasabyňyzdaky pul agşama çenli tamamlanýar. Şeýlelikde, siziň hasabyňyza ýokardaky şertler bilen 86.400 $ mukdarda pul geçse, siz näme ederdiňiz?Elbetde, ähli berlen puly harçlamak islärdiňiz. Biziň ählimiz hem “Wagt” atly bankyň müşderileridiris.
Her säher Günüň dogmagy bilen ertesi güne geçirip bolmaýan , bahasyna ýetip bolmajak, şol bir wagtyň özünde-de ýerini dolduryp bolmajak 86.400 sekunt möçberindaki wagt hazynasyndan öz paýymyzy alýarys. Belki-de şeýle gymmatlyga eýe bolýandygymyzy özümiz hem duýman galýarys. Ýöne her kime adalatly we deň derejede paýlanylýan gymmatlygyň hemmeler tarapyndan hökmany derejede gadyry bilinmelidir. Her gün säher bilen biziň wagt hasabymyz köpelýär we ýary gije wagtynda bolsa bu hasabymyz indi gaýtalanmajak ýagdaýda tamamlanýar. Wagtda hiç haçan yza dolanma ýok. Şonuň üçin wagtyňy elmydama peýdaly zatlara: bagta, üstünlige, rowaçlyga ýetmek üçin sarp et. Durmuşda öňde goýan maksatlaryňa ýetmek üçin gymmatly wagtyňy ýerlikli peýdalan.
Bir ýylyň gadyryny bilmek isleseň, synaglardan geçip bilmän, öz deň-duşlaryndan bir ýyl gijä galan okuwçydan sora.
Bir aýyň gymmatyny bilmek üçin, 8 aýlyk wagty perzendi dünýä indiren eneden sora.
Bir hepdäniň gadyryny bilmek üçin, tiz wagtda tabşyrylmaly doklady ýetişdirip bilmeýän aladaly biznesmenden sora.
Bir sagadyň gymmatyna düşünmek üçin, ýaryna garaşýan aşykdan sora.
Bir minudyň gadyryny bilmek üçin, otlynyň ugraýan wagty otly duralgasyna gijä galyp gelen ýolagçydan sora.
Bir sekundyň gadyryny bilmek üçin, heläkçiligi wagtynda duýman, öňüni alyp bilmedik sürüjiden sora.
Bir sekundyň ýüzden bir böleginiň gymmatyna düşünmek üçin bolsa,olimpiýadada sähelçe tapawut bilen ikinji ýere eýe bolandan sora.
Garaz her bir zadyň gadyryny ony ýitirenden ýa-da oňa jany-teni bilen garaşýandan sora. Eliňdäkiniň gadyryny bilmek ýa-da bilmezlik ynsanyň özüne baglydyr. Saňa berilýän gymmatlykdan ýerlikli peýdalanmagam elbetde, ýene-de özüňe bagly. “Wagt” atly bagt guşy garşylyksyz berilýän mahaly, ony elden sypdyrmaklyk bolsa, hakykatdan-da kişiniň edip biläýjek ýalňyşlyklarynyň iň ulusydyr. Şeýle ýalňyşlygy gaýtalaýanlardan bolmajak boluň we erkiňizi sag eliňize, wagtyňyzam çep eliňize alyp, diňe öňe tarap hereket ediň. Wagtyň hiç haçan, hiç kim üçin durmaýanlygyny hasaba almagy ýatdan çykarmaň.
UNUTMAŇ! Geçen wagt taryh bolup geçdi, geljek bolsa entek gaty açylmadyk kitap ýalydyr. Ýöne häzirki wagt bolsa, özüň üçin goýup biläýjek iň uly maýa goýumyňdyr. Diňe şu wagt, şu pursat saňa berlen hakyky bir gymmatlykdyr!
Terjime eden: Meýlis Sadykow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.