BIZNES

Üzüm we üzümçilik barada…

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem dünýä tejribesini ornaşdyrmak, onuň ylmy-önümçilik binýadyny hasda berkitmek babatynda, yzygiderli we toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň profesor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň hem mynasyp orny bardyr. Uniwersitetimizde oba hojalyk pudagynyň ylmy binýadyny dünýä tejribesi bilen utgaşykly alyp barmak, onuň netijeli taraplaryny öwrenmek we önümçilige ornaşdyrmak babatynda önjeýli işler geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiň arasynda baglanyşylan şertnamanyň ähmiýetini bellemek gerek. Iki taraplaýyn baglaşylan şertnamanyň esasynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işleri ylmy nukdaýnazardan öwrenmek, dünýäniň öňdebaryjy önümçiliginiň gazananlaryny ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ornaşdyrmagyň ýollaryny we bu ugurda ylmy-barlag işleri bilelikde ýerine ýetirmek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Şu maksat bilen häzirki wagtda her hepdäniň şenbe güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň, şeýle-de ýurdumyzdaky ylmy – barlag edaralarynyň ylmy işgärleriniň, oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy duşuşyk geçirilýär. Duşuşygyň barşynda oba hojalygyna degişli dürli temalar boýunça çykyşlar, özara pikir alyşmalar diňlenilip, bu ugurda edilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmak bilen birnäçe teklipler hödürlenilýär. Şeýle-de birnäçe alymlar, telekeçiler we tejribeli daýhanlar öz tejribelerini paýlaşýarlar. Biz hem şol duşuşyklarda garalýan temalar boýunça täsirli maglumatlary yzygiderlikde ýetirmegi okyjylar köpçüligine ýetirmegi maksat edindik. Bu bolsa okyjylarda has-da gyzyklanma döredip, bu ugurda ýola goýmagy meýilleşdirýän işlerinde peýdalanmaga itergi boljakdygyna ynanýarys.

Ylmy duşuşygyň iň bir gyzykly geçen maslahatlarynyň biri hem  “Üzüm ösdürip ýetişdirmek we üzümçilik pudagynyň ykdysady hem-de önümçilik taýdan bähbitli taraplaryny öwrenmek” – atly tema boýunça bolup, bu maslahatda esasan hem üzüm ösdürip ýetişdirmek boýunça öňden bar bolan tejribeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda ýýygnalan maglumatlary size hödürlemegi makul bildik.

Türkmenistanda üzüm nahallaryny oturtmak güýzde şeýle hem ýazda geçirilýär. Üzüm nahallary oturdylýan mahalynda, üzümiň uzak ömürliligini hem-de önümliligini üpjün etmek üçin, olary hemişelik ýerinde oturtmak iň möhüm işleriň biridir. Talabalaýyk ideg we timarlama çäreleri doly geçirilende, oňat hasyl getirýän döwri 35 — 40 ýyl we ondan-da köp dowam edýär.

Üzümiň düzüminde glýukoza, fruktoza, sahoroza ýaly uglewodlar, 80 göterime çenli suw, organiki turşular, pektinler bar. Miwelerinde kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, margenes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar. Üzümiň dänesindäki pektinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we beýleki toksinleriň bedenden çykarylmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin. Şeýle-de peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Onuň birnäçe kesel dörediji ýokançlyklaryň öňüni alýandygy barasynda ylmy kitaplarda ýazylan.

Üzüm ösdürilip ýetişdirilende, ony zyýanly mör-möjeklerden goramak zerurdyr. Üzüm-süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan azyk önümidir. Zähmetden, paýhasdan we Günden dörän bu ajaýyp miweleri halamaýanlar az bolsa gerek. Üzüm hoşalarynyň  üýtgeşikligi, täsinligi nämede?  Näme sebäpden adamlar ony müňlerçe ýyllaryň dowamynda ösdürip ýetişdirýärler?

Ähli oba hojalyk ekinleriniň içinde adama iň köp peýda getirýän we zähmetine sahylyk bilen jogap berýän üzümdir. Adam bedenine oňaýly täsir etmegi üzümiň iň gowy tarapydyr. Ol adam saglygynyň we kuwwatynyň gözbaşy hasaplanýar. Bu babatda üzüme taý gelip biljek miweli agaç ýokdur. Howa şertleri üzüm ösdürip ýetişdirmäge oňaýly bolan ýerleriň oba hojalygynda üzümçilik giden bir pudaga öwrülýär.

Üzümiň örän köp görnüşleri bellidir. Türkmenistanyň yssy we gurak klimatynda halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşler giňden ýaýrandyrlar.

Görnüşine we ösen şertlerine baglylykda, üzümiň miwelerinde 14-25% ereýän we bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza we fruktoza saklanyar. Olardan başga-da üzümiň düzüminde biraz mukdarda  saharoza, rafinoza, ksiloza we beýleki şekerler we şekere meňzeş maddalar bolýar.

 Maslahatda çykyş eden hünärmenleriň maslahaty boýunça üzüm ösdürüp ýetişdirmekde döwrebap teklipler:

  • Kesim işlerinde çybyk sany az bolan uzyn kesim goýmaklygy (10-12 bogun goýup kesmekligi);
  • Kişmiş üçin guratmak işlerinde inçe gözenekli torlary peýdalanmagy;
  • Häzirki kämilleşdirilen ekiş usuly boýunça 4/2 ekiş çyzgydyny peýdalanmaklygy;
  • Kesilen üzüm çybyklaryny tehnikanyň kömegi bilen üwäp dökün höküminde topraga bermekligi;
  • Üzümçilik meýdanlarynda üzümiň gektarynyň köp ýerlerinde hasyly guşlardan goramakda eldekileşdirilen laçynlaryň kömeginden peýdalanmaklygy;
  • Üzümiň güýzki ekiş wagtyny sentýabr aýynda geçirilende eýýäm ekilen ýaşajyk üzüm çybyklary gyşyň öň ýanynda ýere penje urup, akja köklerini çykaryp başlaýar.

Şeýle duşuşyklaryň oba hojalyk pudagyny  ylmy nukdaýnazardan ösdürmeklikde örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede kämilleşdirmäge, bilimlerini artdyrmaga,  ylmy işleri geçirmäge giňden ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen dürdäne sözlerinden ugur alyp talyp ýaşlary ylmy  işlere ugrukdyrmaklyk mugallymlaryň asylly wezipesi bolup durýar.                                                                              

  Baýnazar Goşaýew, S.A.Nyýazow adyndaky 

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.  

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Uzynlygy 32 santimetr, agramy 8 kilogram

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy