SIZDEN GELENLER

Üýtgeşik baýdakly ýurt

Haçanda biz dünýäniň milli baýdaklarynyň diagrammasyna seredenimizde Nepalyň baýdagy gözümize başgaça görünýär. Nepal häzirki zaman dünýäsinde gönüburçly milli baýdagy bolmadyk ýeke-täk ýurtdyr. Nepalyň milli baýdagy özygtyýarly döwletiň döwlet baýdagy we raýat baýdagy hökmünde çykyş edýär. Baýdak, goşa galam hökmünde tanalýan iki sany ýeke galamyň ýönekeýleşdirilen birleşmesi bolup durýar. Nepalyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda şeýle diýilýär: ”Nepalyň milli baýdagy, däp-dessurlara görä, gyzyl reňkli bazasy we çuň gök araçäkleri bolan iki sany üçburç şekilden ybarat, bu ýerde ýarym aýyň görünýän ak şöhlesi bar. Ýokarky böleginde on alty we aşaky böleginde on iki şöhleli Günüň ak nyşany”. Baýdagyň reňki gyrmyzy gyzyl bolup, ol Nepalyň milli reňkidir. Nepal halkynyň batyrgaý ruhunyň nyşanydyr, şeýle hem bu reňk Nepalyň milli güli Rododendronyň reňkini aňladýar. Gök araçäk bolsa parahatçylygyň reňkidir. 1962-nji ýyla çenli baýdagyň nyşanlarynda, Gün we ýarym aý adam ýüzleri bardy, ýöne baýdagy döwrebaplaşdyrmak üçin bu şekiller aýryldy. Ilki baýdagyň ýokarky üçburçlugynda milli bellik ak reňkli aýy we has uly aşaky üçburçlukda ak on iki burçly Gün şekillendirilendirildi. Iki üçburçluk Gimalaý daglaryny alamatlandyrýar. Bulardan başga-da Nepalyň döwlet baýdagynyň iki üçburç şekili taryhy taýdan hem çuň mana eýedir. Baýdaklary ylmy we gurluşy taýdan öwrenmäge bagyşlanan iňlis baýdak institutynyň baş hünärmeni Graham Bartram Nepalyň milli baýdagynyň gurluşyna birnäçe düşündirişler berýär. (Weksillologiýa – baýdaklaryň taryhyny, simwolizmini we ulanylyşyny öwrenýän ylymdyr.) Bartram Nepalyň baýdagynyň görnüşini biri-biriniň üstünde iki sany üçburçluk  hökmünde suratlandyrýar we bu üçburçluk şekili Günorta Aziýanyň baýdaklary üçin mahsus bolan adaty bir görnüşdigini aýdýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, Nepal uzak wagtlap hindi ýurdy bolýar we üçburçluk şekilli baýdak buddizmiň yzlaryny görkezýär şol sebäpli hem diňe Nepalda däl, gadymy hindi patyşalyklarynyň köpüsinde üçburç görnüşli baýdak bolupdy. Käbir çeşmelerde bu şekiller iki maşgalany aňladýar diýlen düşünje hem bar. Nepalyň häzirki döwlet baýdagy 1962-nji ýylyň 16-njy dekabrynda kabul edildi.

Nowruz KURBANOWA,

Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri