JEMGYÝET

“UssatNews”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“UssatNews” saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň çäklerinde, “Makul Iňlis–Türkmen sözlügi” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edildi. Bu neşir dil diplomatiýasynyň ösdürilmeginde möhüm ädim hökmünde seljerilýär.

Giň gerimli mazmun

UssatNews elektron gazetiniň bellemegine görä, sözlükde 16 500 sany iňlisçe söz we ýöriteleşdirilen terminler — hukuk, lukmançylyk, emeli intellekt, sport we işewürlik ýaly ugurlar — öz içinde jemlenýär.

Sözlük diňe ýazma görnüşinde däl, eýsem Amazon platformasynda sanly görnüşde hem elýeterlidir. Şeýle-de, sözlükde ses ýazgylary, suratly bölümler we çagalar üçin niýetlenen aýratyn sözlük hem bar.

Awtorlyk we maksatlar

Neşiriň baş redaktory — hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow, sözlük bolsa “Makul Hyzmat” terjime merkezi tarapyndan taýýarlanyldy.

UssatNews elektron gazetiniň bellemegine görä, bu taslamanyň esasy maksady — Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky medeni alyş-çalyşygy güýçlendirmek, halkara gatnaşyklary ösdürmek hem-de okyjylar üçin döredijilikli mümkinçilikleri giňeltmekdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi