ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ümür Esen: ümürli gün doglan mirasgär

Şahsy arhiwimde agam Aşyrberdi Kürtden miras galan ýazgylar bar. Saralyp giden kagyz bukjalara ýerleşdirilen ýazgylaryň arasynda mirasgär Ümür Eseniň dürli ýyllarda metbugat neşirlerinde çap bolan makalalary jemlenip goýlupdyr. Ýazgylary her gezek okanymda Ümür aganyň keşbi göz öňüme gelýär. Bir mahallar ol şägirdi, häzir özi halypalyga ýeten mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň telegörüjileriň mydamalyk ýadynda galan «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşiginde kän çykyş ederdi. Onuň gözlerini ýumup, ellerini özboluşly hereketlendirip çykyş etmesi, aýdýan wakasyny, rowaýatlaryň many-mazmunyny çeperçilik bilen gürrüň berişi häzirem ýadymda. Ümür agany şol gepleşigiň üsti bilen tanamsoň, men ony Atamyrat Şagulydan aýry göz öňüme getirip bilemok.

Nesibämiz çekip paýtagta göçüp geldik. Agamyň öýünde on-onki ýyl ýaşadyk. Şonda onuň gatnaşyk saklaýan tanymal adamlarynyň köpüsini ýüzbe-ýüz görmek, olaryň täsirli gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Agam Ümür aga bilen gowy gatnaşýardy. Onuň döredijiligine uly hormat goýýardy. «Mirasgär Ümür Esen meşhur professorymyz Mäti Kösäýew dünýeden ötensoň meni özüniň halypasy diýip hasap edýär. Ol Ahala geldigi maňa müňde bir sowal berýär. Hemme sowalyna jogap tapmak aňsat däl. Onuň sowallaryna mazaly jogap tapyp, kanagatlandyrmak üçin bir adamyň kellesi ýeterlik däl. Şeýle-de bolsa başardygymdan onuň käbir sowallaryna jogap berýärin. Ümür Eseniň daş-töweregi sorag alamatyndan doly. Oňa göwnejaý jogap tapmak üçin, taryhdan, etnografiýadan, arheologiýadan, tebipçilikden, Gurhandan, şerigatdan, hadyslardan, geçmiş edebiýatdan, gündogar filosofiýasyndan, umuman halkymyzyň geçmiş durmuşyndan mazaly baş çykarýan adam gerek. Şol zeýilli herbap adam tapdyrýarmy näme? Bildigimden öwreden bolýan, bilmedik zadymy-da ondan öwrenýärin» diýerdi. Käte öýüne Ümür aganyň gelip gidendigini aýdardy, ýöne men oňa ýüzbe-ýüz gabat gelmändim.

2005-nji ýyldy. Ol wagtlar häzirki «Zenan kalby» žurnalynda işleýärdim. Bir gün redaksiýada kompýuteriň başynda hat ýazyp otyrdym. Gapydan salam berip, Ümür aga geldi. «Giriberiň, ýaşuly. Bölümde gyzlar bardyr» diýip, iş otaglaryň birine elimi uzatdym. Ýarym sagada golaý oturyp, hat ýazyp boldum-da, bölüme bardym. Ümür aga maňa:

— Şu ýerde akgamyň uýasy bolmaly, ýörite görmäge geldim — diýip habar gatdy.

— Kim ol? — diýsem asyl ol, agamyň hatyrasy üçin meniň bilen tanyşmaga gelen eken. Täzeden görüşmekçi boldum. Ümür aga sag eliniň çermelgi ýeňini aşak goýberip, türkmen ýaşulusynyň edebi bilen elini uzatdy. Ol şonda:

«Türkmen aga gowy zady aňsat elinden  gaçyrýan däldir. Eger atdanlykda  gaçyraýanda-da çöpläp alýandyr. Akgam Aşyrberdi jan, senem türkmen edebiýatyna, sungatyna az-küje goşant goşan dälsiň» diýip, gözüne ýaş aýlap oturdy. Soňam: «Aşyrberdi jan maňa: «Men öläýsem, ýetişmedim diýip gynanmagyn. Eşiden ýeriňde  aýat okasaň bolany, ýyldyrym kimin alnyma barar» diýipdi» diýip aýat okady. Göwnüm monça boldy. Soň onuň bilen telim gezek gürrüňdeş bolupdyk.

Bir gezek şeýle waka boldy. Birinji sentýabr güni ýakynlap gelýärdi. Ol wagt «Nesil» gazetinde işleýärdim. Täsirli makala bolsun — diýip «Birinji synpa barýaryn» at bilen ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleriniň 1-nji synpa gidişleri hakynda ýatlamalaryny ýazgy etdim. Şonda Ümür aga bilenem jaňlaşyp ýatlamalaryny ýazyp aldym. Makalany taýýarladym-da, birden göwniýetmän durmasyn, çapa bermänkäm ýazgy bilen tanyşdyraýyn — diýip, ýene-de Ümür aga jaň etdim. Ol: — Telefony kän saklaman, çaltrajyk okarsyň-a — diýip ýagdaýyny aýtdy welin, derrew okap başladym.

«Şol günler agam bilen düýe bakýardym. Ejem esgiden torba tikdi. Irden aýal doganlarym Jeren bilen Maral egnime ejemiň ýolýaglykdan elde tiken goltugy begeýikli köýnegini geýdirip, mekdebe äkitdiler. «Ýolýaglyk» diýýänim, uruşdan soň her kim ogul öýerip, gyz çykaryp toý edişlik başlandy. Şonda gelnalyjynyň atgulagyndan ýyrtyp, «Sizede Hudaý ýetirsin» diýip, öňünden çykana paýlanýardy. Ejem görgüli şol dürli reňkdäki bölek matalardan sepläp, maňa köýnek tikdi. Şeýdip 4 kilometre çenli ýöräp, mekdebe gitdik. Orta ýolda — «Tätdäň oýy» diýen ýere baramsoň, doganlarymyň yzyny eýermäge ýaramadym. Onsoň aýal doganlarym göterip äkitdiler. Marynyň Murgap etrabyndaky 9-njy mekdebe bardym. Çagalar şahyry Atabaý Kokan diýen mugallym garşy aldy. Birinji güni okuwa baranymda-ha «Şundan-a düýe bakanymam gowy eken» diýip, halamadym. Ertesi biraz öwrenişdim, ýöne barybir ýarym ýyla çenli höwesli okamadym. Soň okuwdan boş wagtym düýe bakyp ýörkäm, meýdandaky çatmamyza kimdir biri «Gülälek» atly kitap gysdyryp gidipdir. Şol kitaby okajak bolup yhlas etdim. Şeýdibem okuwa höwes, hemem halk döredijiligine bolan gyzyklanma döredi» diýip, okap boldum welin, howlugýan diýenem bolsa, «Ömrüň zyýat bolsun! Rysgyň üstüňe gelsin! Iki gat gaýyş gapyly iş otagyň bolsun, gapyňy kakyp girsinler!» diýip, yzyny üzmän telefonunyň özi öçüp galýança alkyş sözlerini aýdypdy. Imany hemra, jaýy jennet bolsun! Onuň milli mirasymyzy toplamakda bitiren hyzmaty diýseň uly. Arhiw ýazgylaryny okap, «tüýs şu ugurdan halk üçin Hakdan berlen adam» diýeniňi duýman galýaň. Onuň iş ýeriniň salgysy bilen poçtadan iberen hatly bukjasynda: «Agam Aşyrberdä. 12.11. 1989-njy ýyl. Ümür Esenden» diýip ýazan «Ak işan» atly makalasynyň 5 sahypa elýazmasy bar. Onda «Ak işan — Akmämmet Gurbannazar (1792-1877) molla ogly. Ýerligi: teke, utamyş, syçmaz, hajysupy, gyzylgöz, bokurdak. Onuň başdaş aýaly Amansoltandan Nepes, Kertik, Çüri, Ak işan diýen ogullary bolýar. Soňky Ak işan atly oglundan iki ogly kemala gelýär. «Ak işanyň nesilleriniň bir bölegi Mary Sakarçäge töwereginde» diýdiler. Emma olaryň nirelerde orun tutandygyny takyklamak bize häzirlikçe başartmady…» diýip onuň nesil daragty hakynda il içinden toplan maglumatlaryny, rowaýatlaryny beýan edipdir. «Söz manysyn aňar bolsaň» at bilen çap bolan makalalaryny okab-a, diňe söz başysyny okanyňda haýran galýaň. «Alapa», «Jejene», «Doly», «Üşbi», «Kynha çöp»… Entek eşiden sözleň däl. Onsoň makalany okamaga howlugýaň. Sözüň manysyny däne-däne edip, şeýlebir düşündirýär welin, onuň ýekeje sözüň manysyny anyklamak üçin çeken azaplary hakynda oýlanýaň. Şeýle arhiw ýazgylary welin sanardan kän. Bu barada kärdeşim Atamyrat Şagulyýew «Mähnet muzeýiň müdiri» atly  makalasynda: «Ümür aganyň dürli ugurlardan ýazan makalalarynyň sany 18000-den geçýär. Şol sanda, onuň guşlar hakda toplan 350, mör-möjekler hakda 400, türkmen tagamlary hakda 465, itler hakynda 450, ýatdan çykyp barýan sözler hakda 500-den gowrak, halk lukmançylygy boýunça emleriň we melhemleriň taýýarlanyş usullary barada toplan 760 sany gymmatly maglumaty onuň yhlas bilen çeken zähmetiniň miwesidir. Şeýle hem, Ümür aga 1100 rowaýatdyr hekaýat, heniz ylma mälim bolmadyk 225 sany goşgular toplumyny, adam atlarynyň 8000-sini, Garagum çölünde guýy atlarynyň döreýiş taryhy barada 6212 sany makala ýazdy. Onuň heniz halka mälim bolmadyk matal, sanawaç, ýaňlytmaç, şorta sözler ýazylan uly depderleriniň sany 60-dan geçýär. Muzeýde onuň halk içinden toplan 25000 nakyly ýazylan daşy jiltlenen golýazma diwany bar.

Muzeýiň bir burçunda bolsa ýüpjagaz bilen diwardaky çüýe ildirilgi depderde onuň diýarymyzyň dürli künjeklerinde milli mirasyň janköýerleri bilen geçiren duşuşygynyň sany, salgysy we dowamlylygy ýazylypdyr. Ol duşuşyklaryň sany 1872 bolup, olaryň iň uzagy 1990-njy ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 60-njy hünärment mekdebinde bolup, Ümür aga şol sapar  mugallymlardyr okuwçylaryň öňünde arakesmesiz 7 sagat 10 minut çykyş  edipdir» diýýär. Uludan dem alyp Atamyrat aga jaň etdim. Makalaňyzy okap: «Ümür aga öýüne bir bardymyka?» diýdim. Ol: — Wah, şony aýtsa-na. Ýaşan 73 ýaşynyň 55 ýylyny halk mirasyny toplamaga bagyş eden mirasgär türkmen edebiýatynda başga bardyr öýdemok. Ol hemişe paýu-piýada ýoldady. Ümür Esenow ylmyň boý bermeýän çuňluklaryna aralaşyp, türkmen durmuşy, medeniýeti, sungaty, milli mirasy barada ylmy agtaryşlary alyp bardy. Şonuň netijesinde Owganystanda, Eýranda, Azerbaýjanda, Belarusda, Ukrainada, Gruziýada, Özbegistanda, Russiýanyň dürli ýerlerinde bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň etraplaryna, welaýatlaryna aýlanyp, gadymy geçmişi bolan Diýarymyzyň medeni ýadygärlikleriniň uly tapgyryny toplady. Bäherden etrabynyň Garry-Nohur obasynda baryp bolmaýan gür jeňňellikli dagyň gaýasyna dyrmaşyp böwürslene endam-janyny persala etdirip, mumyýany gyryp-gyryp ýygnamagy-da, Garagumuň ymgyr çöllüginde pyşdylyň ömrüniň dowamynda ýeke sapar tapyp, diliniň astyndan çykarman saklaýan düwnükmä derman bolýan kimýa otuny almany-da başardy. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýaşan baýry mugallym Mäti Rahymdan äpet suw harazyny ýük daşaýan otla ýükledip Daşoguzdan Mara äkelmäniň-de hötdesinden geldi, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň golaýyndan geçýän Sumbar derýasynyň kenarynda daňyň alagaraňkysynda birnäçe gün gamyşlyga bukulyp ýatyşyna gözi bilen suw gyrnagyny – Garagyrnagy görüp, oň düşnüksizräge-de geplän sözlerini ýazyp almagyň-da hötdesinden geldi. Ümür halypa bilen ýigrimi ýedi ýyl döredijilikli gatnaşykda bolup ondan kän zatlary öwrendim.

Ol muzeý üçin kyrk müň eksponat ýygnandygyny, türkmen nakyllaryny 30 müňe ýetirmegi maksat  edinýändigini aýdardy. Aradan çykmazyndan biraz öň özüniň 114 sany umumy depderine halk hazynasyndan ýygnan dür-dänelerinden dolduryp, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwine tabşyrmagy niýet edinýändigini, welaýatlardan halk döredijiligidir gadymy geçmişimize dahylly dürli maglumatlary jemläp ýörşüne, «Günorta Türkmenistanda XIX asyryň ortalarynda bolup geçen wakalaryň edebiýatda şöhlelendirilişi» atly doktorlyk ylmy işiniň jemleýji bölümini tamamlap barýandygyny aýdypdy. Ümür aganyň toplan gymmatly ýadygärlikleri onuň işlän muzeýinde gyrba-gyrat bolup dur. Oba ilatynyň aýtmagyna görä muzeýdäki her bir eksponat hakda Ümür agaň berýän gürrüňlerini diňläp, olar bilen doly tanyşmak üçin kyrk ýyldan gowrak wagt gerek. Muzeýde Gerkezden gelen depbe-de, Tagtabazardan getirilen dadran-da, Mürçeden alnan çarh-da, Aýböwürden iberilen jenewüt-de, halk bähbidi üçin Tejenden dilenip alnan juwaz-da, Mäne-Çäçede gaýnadylan garagurt-da, garaz, 40 müňden-de gowrak eksponat bar. Ümür aga guramaçy mirasgär hökmünde-de tanalýar. Ol dürli ýyllarda türkmen aýdym-saz sungatynda uly yz galdyran şahsyýetleriň öz dogduk obalarynda dabaralaryny gurady. Oňa gatnaşanlar dabarany taýýarlamaga, guramaçylykly geçirmäge Ümür aganyň neneňsi yhlas-zehin siňdirendigini şu günlerem minnetdarlyk bilen ýatlaýarlar. Ümür halypa dürli ýyllarda halkymyzyň taryhynda görnükli yz galdyran çeper sözüň ussatlarynyň şahsy muzeýlerini döretmekde hem abyrsyz zähmet çekdi. Onuň tagallasy bilen ilkinji magaryfçylaryň biri Molla Töre Rahmanberdi oglunyň, ýazyjy Gylyç Kulyýewiň, Aşyr Nazarowyň, şahyr Italmaz Nuryýewiň, Pyhy Taganyň, şeýle hem Ärsary babanyň muzeýi döredildi. Ol yhlasyny gaýgyrman Mary welaýat bilim bölüminde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde, Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Mary şäherindäki Soltan Sanjar adyndaky ýöriteleşdirilen 3-nji harby mekdebinde muzeýiň döredilmegine ýardam etdi — diýip halypasyny tolgunma bilen ýatlady. Şol pursat onuň birmahal aýdan şu gürrüňi ýadyma düşdi. «Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden Ümür agadan maslahat sorap gelýänler kändi. Göwni jomart, kalby sahawatly Ümür aga olara elinden gelýän kömegini bererdi. Ol «Öýüm-öwzarym» diýip ýaşaman, «Ilim-günüm» diýip ýaşady. Muňa ýekeje bir mysal ýeterlik. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Ümür aga öňki Soýuzyň Döwlet baýragy gowşurylanda, ol jomartlyk bilen onuň on müň manadyny Mary welaýatynyň Ýetim çagalar öýüne, on müň manadyny Garrylar öýüne, on müň manadyny welaýatyň Magtymguly jemgyýetine, otuz müň manadyny welaýatyň etraplarynda medeniýeti we sungaty ösdürmeklige, on müň manadyny obalaryndaky Çagalar bagyna gowşurdy. Baýragyň möçberi şol döwrüň hasaby bilen öran köp puldy, oňa 10-dan gowrak ýeňil maşyn alsa boljakdy.

Hatam Taýa meňzeş beýle sahylygy diňe Ümür aga ýaly jomart adamlar başarýar. Ýogsa, şo wagtlar onuň ne özüniň, ne-de hojalygynda çagalarynyň aýagulagy bardy. Üstesine-de ne kaşaň jaýy, ne-de maly-mülki bardy. Obanyň orta gürpündäki çig kerpiçden salnan üç otaglyja horoşoja jaýyda giňeldilmegine mätäçdi» diýip aýdan gürrüňi hakydamda aýlandy.

Ümür aganyň ýetişdiren şägirtleri hakynda gürrüň gozgadyk. Kaka etrabyndan Ahmet Halmyradowyň, Duşak obasynda ýaşaýan Nurnazar Jumanazarowyň, Bäherden etrabynyň Ymarat obasyndan Gutlymyrat Begmyradowyň, Serdar şäherinden Atda Gurbangeldiýewiň, Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasyndan Şamämmet Atamämmedowyň,  Görogly etrabyndan Kakajan Pirjanowyň, Lebapdan Gandym Ýolbarsyň, Mary şäherinden Seýitli Söýünowyň, Annamyrat Mämmedowyň, Sakarçäge etrabyndan Amanmuhammet Nepesowyň, Murgap etrabyndan Aşyr Salyhyň, Muhammetberdi Annageldiýewiň, Aşgabatdan Sapargeldi Hanowyň atlaryny buýsanç bilen ýatladyk. Atamyrat aga: «Ümür halypa bu işe durky bilen berlen ezber şägirtleriniň artýandygyna begenip iki bolup bilmezdi» diýdi.

Ümür aganyň nowbahar perzendi Akjemal gelnejäni tanaýardym. Arada ýörite onuň iş ýerine bardym. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy. Şonda kitaphana tarapyndan  Ümür aganyň 2011-nji ýylda  taýýarlanan bibliografiýa görkezijisi bilen tanyşdym. Ümür aganyň «Ömür örküm ile baglap…» atly özi hakynda ýazan makalasyny okap, ilki bilen onuň hakyky adynyň Begençmyratdygyny, ýöne ümürli gün doglandygy üçin Ümür adynyň ýörgünli bolandygyny bildim. Ümür Esenow 1939-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Murgap etrabynyň 2-nji Sugty obasynda daýhan maşgalasynda doglan. 1956-nji ýylda obalaryndaky 9-njy orta mekdebi tamamlap, birnäçe ýyl obada daýhançylyk edip, soňra Baýramalyda mehanizasiýa ugrundan bilim alypdyr. Ol 1972-nji ýylda  häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, 1973-nji ýyldan başlap obalaryndaky mekdepde mugallym bolup işe başlaýar. Onuň irginsiz yhlasy netijesinde zähmet çekýän 9-njy orta mekdebiniň ýanynda ini 16, uzynlygy 38 metrden ybarat bolan Edebi-etnografik muzeýi gurulýar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiligi, olaryň edebi mirasy bilen baglanyşykly halk köpçüligine mälim bolmadyk maglumatlary ylmy esasda öwrenmek işleri mirasgäriň hemişelik aladasy bilen gurşalýar. Şeýlelikde Ümür aga 1995-nji ýylda «Günorta Türkmenistanda XIX asyryň ortalarynda bolup geçen wakalaryň edebiýatda şöhlelendirilişi» temasyndan ýazan dissertasiýasyny üstünlikli gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe bolýar.

Maglumatlary okap oturyşyma «şun-a oňaraýypdyrlar» diýdim. Akjemal gelneje: — Aslynda bibliografiýa görkeziji taýýarlananda awtoryň öz ykbaly hakynda ýazan şunuň ýaly  makalasynyň kitaba ýerleşdirilmegi düzgüne laýyk görlenok. Ýöne, jaýy jennet bolsun! Şol gezek halypa ýazyjy Täçmämmet Jürdekowyň: «Ol Ümür Esen ahyry, onuň terjimehalyny goşmasak bolmaz» diýip, beren halypalyk maslahaty bilen ýerleşdirildi» diýip gürrüň berdi.

Ümür aganyň 1966-njy ýylda «Hormat nyşany», 1986-njy ýylda «Oktýabr Rewolýusiýasy» ordenleri, 1990-njy ýylda «Türkmenistan SSR-niň at gazanan halk magaryf işgäri», şeýle hem şol ýylda öňki SSSR-iň Döwlet baýragy bilen, 1993-nji ýylda bolsa, «Türkmenistanyň halk mugallymy» diýen hormatly atlaryň eýesi bolandygy hakyndaky resminamalary okap, bolsa-da bitiren işlerine baha berlipdir eken — diýip begendim. Soňra Ümür aganyň özi hakynda ýazan makalasyny okadym. Sadadan kiçi göwün, juda kän bilýän, köp okap hem il içinde irginsiz aýlanyp, halk döredijiliginiň ähli ugurlaryna degişli milli mirasy toplamak üçin köpi gören, durmuşyň tükeniksiz tejribesinde taplanan adamlaryň arasynda uly mekdep geçen Ümür agaly ýatlamalar oýlanmalara atardy. Şahsy arhiwimde professor Mäti Kösäýewiň 1994-nji ýylda Herrikgala obasyndaky10-njy orta mekdebe ady dakylandaky dabaranyň wideo ýazgysy bar. Ümür aga şol dabaraly duşuşygyň alypbaryjysy bolupdyr. Onuň halypalaryna bolan uly hormaty her bir aýdan sözünde aýdym ýaly ýaňlanýar. Halypa mirasgäriň: «Men türkmeniň Jygalybegi Mäti Kösäýewiň: «Sen gara başyňy orta goýup, öleriňi-öçeriňi bilmän işleýän, diňe özüňe kybapdaş kişi ekeniň. Desbidähel ylymlaryň kandidaty boljak bolup ýörme. Danyşment gojalaryň, ertekihon ejeleriň başy aman esenkä, aldygyna çalganaklap maglumat ýygna. Köp kişi ony başarmasa-da  emin-erkiň, onuň hötdesinden gelip biljek. Sebäbi sen, armany-ýadamany bilmeýän üzüt ýaly beşer balasy. Seniň köpügören ýüwrükbilgeleriň dünýäsine düşüp, toplajak maglumatlaryň, meger ýüzlerçe dissertasiýa gordur gönezlik bolar. Ana şonuň üçinem, sen haýdaber. Şonda diňe bir kandidatlyk däl, eýsem beýleki derejelerem seni gözläp tapar» diýen sargydyny berkden bek tutuşyma öňküdenem wakybal bolup başladym» diýip ýazmagy, esasy halypalarynyň biriniň Mäti aga bolandygyny mälim etdi. Ümür aganyň  maşgala durmuşy bilen gyzyklandym. Akjemal gelneje: — Kakamyň bäş gyz, dört ogul perzendi bardy, ýöne ýakynda bir ogly dünýeden gaýtdy. Kakam 2013-nji ýylyň 15-nji fewralynda bakyýete göç etdi. Kakam dünýeden gaýdansoň ejemiňem saglygynyň ugry bolmady.Ýyl ýarymdan soň ejemem ýurduny täzeläýdi. Kakam maňa: «Ýaşaýan, gulluk edýän döwletiň öweý gyzy bolmagyn!, Öýüň içinde öz maşgalaň arasynda ilki öz abraýyňy goragyn, öýden çykaňda öýüň abraýyny, obadan çykaňda obaň, welaýata çyksaň etrabyň, paýtagta barsaň welaýatyň, ýurtdan daşa çyksaň ýurduň abraýyny goragyn!» diýerdi — diýdi. Watansöýüjiligiň aňrybaş nusgasy bolup aýdylan öwüt hemmämiz üçin miras galan sargyt ýaly täsir etdi. Ümür aganyň maşgala terbiýesi hakyndaky aýdan gürrüňlerini ýatlamak diýseň gyzykly boldy.

— Bir gezek halk döredijiligini toplamak üçin gidilen topar bilen welaýata iş sapara baranymda ol ýerdäkilere kärdeşlerim meni «mirasgär Ümür Eseniň gyzy» diýip tanyşdyrdy. Şonda bir ýaşuly: «Sen-ä kakaňdan batman çeýrek ekeniň» diýdi. Onuň şol sözlerini ejeme gürrüň berenimde: «Ejem ol sözleriň manysyny düşündirip, begengin, gyzym!» diýipdi. Ejemem bisowat däldi, alym Nazar Gullaýewlerden. Nazar Gullalar daýy ugrumyz. Bibliografik görkezijisini taýýarlanymda kakam aýatda diridi. «Gyzym, muny-ha tal topbagy ýaly edipsiň» diýip gaty begenipdi.

Enem ökde halyçy bolan. Onuň kakama hemem Allamyrat kakama dokap beren haly horjuny atam öýümizde häzirem bar. Toý tutmakçy bolnanda oba adamlary köplenç guda gidilende şol horjunyň her tarapyna iki kilo hoz guýýarlar. Soňra süýji-köke, onsoň süýjülik haltalary goýup, üstünden içi pişmedir gatlakly salnan saçagy goýup gudalara äkidýärler. Şonda guda ýerde oturan aýallar: «Hany, horjunyň hozuny dök!» diýýärler. Horjundaky hozlaryň şagyrdysy pes gelse: «Haý, şagyrdysy pes çykdy» diýip, derrew hozuň iki kilodan azdygyny aýdýarlar. Birinji oglumy öýerenimde öýümizdäki şol haly horjuny alyp gudalara gidipdim. Soň öz öýüm üçin ýörite horjun edindim. Zenan el işleriniň ählisini ejemden-enemden öwrendik. Tikin-çatyn edýän pursatlarymyzda kakam biziň el işlerimiz bilen gyzyklanyp keşde, gaýma, basma, depjeme, ýörmeme, depjäp basdyrma, kökleme ýaly tikiniň görnüşleriniň her haýsynyň sanjym aýratynlyklary hakynda halk arasynda bolup toplan täsirli gürrüňleridir rowaýatlarynyň, matallardyr nakyllarynyň üsti bilen düşündirerdi — diýip ýatlady. Ümür aganyň ýazgysyndaky: «Ejem Agoraz hekim gyzy işeňňir maşgalady. Öten agşamky iýlen bugdaý palawyndan, bolaýsa bir kepgir galandyr. Emma ejem jan, täze bişiren alaň nanynyň maňzy bilen garylan, şojagaz palawy owmaçlar, soňam üstüne ýanan ýag sepeläp öňümizde goýardy welin, sen soramagyn! Yzyndan bir susak suwy başyňa çekip, onda men-ä işe gitdim diýşiňe partykdyr ganaryňy gözläbiýrsiň» diýip, ene söýgüsi bilen mähir siňdirilip taýýarlanan tagamyň tarypynyň çeperçilik bilen beýan edilişi öýüme ýetmäge howlukdyrdy. Gyzgynjak çöregi dograp agşamdan galan bir tabak palawa garyp owmaç edip iýip gördüm. Öten-geçen halypalara bilenimden doga-dileg edip bolanymdan soň, ýene-de onuň makalasyny gaýtadan okadym. Mirasgär ejesiniň owlak-guzynyň derisinden elinläp alyp, gatykdyr hamyr çalyp eýini ýetirişini, soňam owkalap-owkalap, tykyrdyly mata ýaly edişini hemem ondan keltekje tikişini düşündirip,  aýazly sowukda-da kebzesiniň gor ýaly ýylylykda bolandygyny ýatlap ýazypdyr-da, agasyndan dogumlylygy, ejesinden bilesigelijilikdir aýawlylygy öwrenendigini nygtapdyr. Il içinde «Ümür Esenow towşan ukuly diýilýän adamlardandy.  Onuň türkmeniň düýnki, şu günki durmuşy barada gyzyklanmaýan zady ýokdy. Özem onuň baran ýeri ala-ýazdy. Çöllük, daglyk obalara ýadawsyz aýlanan Ümür halypany güneşli ülkämizde tanamaýan ýok diýen ýalydy» diýip ýatlaýarlar. Onuň bitiren işlerine ser salanyňda-ha, asla ol azda-kände ukusyny bir aldymyka?— diýdirýär.

Ümür aganyň arhiw suratlaryny gözläp Akjemal gelnejäniň öýüne baranymda ol kakasynyň «Hazyna», «Mirasnama»,  «Türkmen aganyň edebi», «Şabramly şeýda», «Gara şahyr» atly uly göwrümli kitaplarynyň, bagşy Han Akyýewiň, Gulbabanyň, Amansaçly Annaýewiň, Girman bagşynyň, Durdy Myradowyň sungat ýoly hakynda beýan edilen kitapçalarynyň bardygyny aýdyp, olaryň käbirini öňümde goýdy.         Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň edebi esasyny ýazmagynda «Ümür Esenow» atly dokumental filmiň surata düşürilendigini, ýazyjy, publisist Amanmuhammet Nepesowyň «Ümür Esen» atly kitap ýazandygyny gürrüň berdi. Kakasyndan miras galan 4-5 sany suraty bolsa, gaýta-gaýta synlap,  emaý bilen elime berdi. Onuň gözleriniň owasyny dolduryp duran gözýaşyny görüp, biygtyýar syrygan gözýaşymy gizlemek üçin suratlary äýnekli synladym.  Öz ýanymdan «Ümür aganyň dünýeden gaýdanyna eýýäm on ýyl geçäýipdir» diýdim. Ýöne barybir onuň aýatda ýoklugyna ynanasym gelmedi. Sebäbi halkymyzyň hiç haçan könelmejek milli mirasynyň gymmatynyň artyşy ýaly, Ümür aganyňam bu ugurdan bitiren işleriniň gymmaty barha artýar.  Ol «Men türkmen» diýeniň kalbyndan orun alan şahsyýet.

          Akgül Saparowa.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri