SIZDEN GELENLER

Ukynyň görnüşleri

Uky di­ňe dynç al­mak üçin däl, eý­sem, beý­ni­niň we beý­le­ki be­den ag­za­la­ry­nyň tä­ze­len­me­gi üçin hem ze­rur­dyr. Uky wag­tyn­da adam bedeni er­tir­ki gü­ne taý­ýar­lyk gör­ýär. Wagt­ly-wag­tyn­da uk­la­mak has äh­mi­ýet­li­dir. Ça­ga­lar, esasan, uku­da ma­ha­ly ulal­ýar­lar. Şol se­bäp­li bä­bek­ler has köp uk­la­ýar­lar. Uku­sy­ny al­ýan ça­ga­nyň ösü­şi hem çalt bol­ýar. Şeý­le hem ýe­ter­lik uky tä­ze zat­la­ry öw­ren­mek uky­by­ny, ýat­keş­li­gi ös­dür­ýär. Uku­syz­lyk ka­da­ly na­har­lan­ma­ga hem päs­gel ber­ýär. Bi­ler­men­ler äh­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ryň gi­je sa­gat 22:00-dan öň ýat­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Okuw ders­le­rin­de, sy­nag­lar­da, gün­de­lik maşk­ ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ende we sport bi­len meş­gul bol­nan­da üs­tün­lik ga­zan­mak üçin ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­mak ze­rur­dyr. My­sal üçin, okuw­dan soň­ra bas­ket­bol oý­na­ýan bol­sa­ňyz we ök­de bas­ket­bol­çy bo­la­sy­ňyz gel­ýän bol­sa, ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­ma­ly. Sa­pak­da öw­re­di­len­le­ri öz­leş­dir­mek is­le­se­ňiz, hök­man ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­ma­ly. El­bet­de, bu zat­lar üçin di­ňe uky ýe­ter­lik däl, em­ma uky­ňy al­ma­gyň tä­si­ri örän uly.

Uk­la­maz­dan 30-60 mi­nut ozal äh­li elekt­ron en­jam­la­ry öçü­riň we di­şi­ňi­zi aras­sa­la­mak, ýu­wun­mak bi­len uk­la­ma­ga ta­ýyn­lyk gö­rüň! Hep­dä­niň ahy­ryn­da, okuw ýok gün­le­ri hem he­mi­şe­ki wagt­da ýat­ma­ga çal­şyň! Ir ýa­typ, ir tur­ma­gyň ala­da­sy­ny ediň! Bel­li bir wagt­da ýat­ma­gy en­dik edin­se­ňiz, şol wagt­da uk­la­mak si­ziň üçin kyn bol­maz.

Kadyly uky we uky bozulmalary barada yzygiderli ylmy barlaglar geçirilýär. Ine, şolaryň ýene-de biri geçirildi. Onda ýapon alymlary 16 dürli uky görnüşini kesgitlediler. Bu ylmy barlaga 100 müň adam gatnaşdy. Synag döwründe olaryň ellerine bilezik dakyldy. Şol enjam elleriň hereketlerini hem-de damar çekmeleri hasaba aldy. Şol maglumatlar esasynda alymlar ukynyň 16 görnüşiniň bardygyny anykladylar.

Şonuň netijesinde, adamlary ukusyzlykdan ejir çekýänler hem-de gündiz dynç almak zerur bolmazdan, gijelerini rahat uklaýanlara bölüp boljakdygyny mälim etdiler. Şol kategoriýalar hem öz aralarynda bölümlere bölündi. Netijede 16 bölüm emele geldi. Adamlaryň ukusynyň yzygiderli tertipde däldigi, ukusyzlykdan ejir çekýänleriň hem tapawutlandyryp boljakdygyny bellediler. Olaryň käbiri kynlyk bilen ýatyp, az ýatýarlar, beýlekiler bolsa kynlyk bilen ýatyp, köp uklaýarlar.

Ylmy-seljermäniň awtorlary, adamlaryň saglyk ýagdaýyna has gowy baha bermek üçin uky görnüşlerini seljerip, has köp maglumat almagyň mümkindigine ynam bildirýärler.

Şeýle hem her kimiň uklaýan wagty tapawutly hem bolsa, adamyň saglygy üçin gündelik ortaça 8 sagatlyk ukynyň has peýdalydygy mälimdir. Geçirilen barlaglaryň netijesi gündelik 4 sagatdan az, 10 sagatdan köp bolan ukynyň adamyň ömrüne täsir edýändigini görkezdi. Wagtynda uklap bilmeýän ýa-da ukusy bölünip, mazaly dynç alyp bilmeýän adam günüň dowamynda ünssüz bolup, edýän işinde ýalňyşlyk goýberip bilýär. Kadaly ukusyny alyp bilmeýänlere ýatmazyndan 1-2 sagat öň, suwuk zat içmezlik maslahat berilýär.

Kakajan Öweznepesow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy. 

 

 

Sagdyn iýmitlenmegiň möhüm ugurlary

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri