Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-nyň Abu-Dabi şäherinde geçirilen Bütindünýä jemagat hyzmatlary kongresine gatnaşdy. Çäräni Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministrligi gurady.
Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň wekillerini öz içine aldy.
Kongrese ministrler, syýasatçylar, halkara guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini hem-de ýolbaşçylaryny öz içine alýan 90-dan gowrak ýurtdan 1400-den gowrak wekil gatnaşdy. Bu çäre Arap suw forumy bilen bir hatarda geçirildi we daşky gurşaw meseleleri boýunça ýüzden gowrak bölümçeleri öz içine aldy.
Kongresiň açylyş dabarasynda BAE-nyň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Bin Muhammet Al Mazrui çykyş etdi. Çäräniň açylyş güni suw dolandyryş ulgamyny gowulandyrmak we degişli syýasatlary kabul etmek ýaly ählumumy suw meselelerini çözmäge gönükdirilen geňeşmeler geçirildi.
Açylyş dabarasyndan soň türkmen wekiliýeti 180 guramanyň gatnaşmagynda guralan energetika pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezýän sergä baryp gördi.
Ikinji gün gaýtadan dikeldilýän energetika kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça ählumumy tagallalara bagyşlanan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatyny üç esse artdyrmak: maksatnamalardan herekete geçmek» atly ýörite bölümçe geçirildi.
Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Nurmämmet Nurmämmedow öz çykyşynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça alyp barýan işleri we meýilnamalary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Bu bölümçä Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri boýunça halkara guramasynyň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera we Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Daşary işler boýunça geňeşçisi, doktor Adrian Bezewan hem gatnaşdylar. Bölümçäniň dowamynda gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylyşyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle hem bu ugurdaky innowasiýalary we maýa goýumlaryny çaltlaşdyrmak boýunça ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Kongresiň çäginde Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri boýunça halkara guramasynyň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen türkmen wekiliýetiniň aýratyn duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlyga we ählumumy gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyna ygrarlydygyny belläp, bu pudak boýunça 2025-2030-njy ýyllar üçin maksatlaryny hödürledi.
Ara alyp maslahatlaşmalar gaýtadan dikeldilýän energiýa, tehniki kömek we 2025-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalara gönükdirildi. IRENA-nyň Baş direktory NDC 3.0 çäginde Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky gyzyklanmalarynyň artmagyna goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Françesko La Kamera halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen ýakynda Azerbeýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP 29) 29-njy mejlisiniň çäginde IRENA tarapyndan Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça maýa goýum forumynyň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi we Türkmenistany bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem taraplar bilelikdäki çäreleri geçirmek we gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Kongresiň soňky gününde Türkmenistanyň wekiliýeti geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ornuna, hususy pudagyň gatnaşmagynda maliýeleşdirmegiň usullaryna bagyşlanan bölümçesine gatnaşdy.