DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Koreýanyň gümrük gulluklarynyň arasynda duşuşyk gurnaldy

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gümrük düzgünlerini awtomatlaşdyryş bölüminiň başlygy A.Rahmanow, koreý tarapyna bolsa halkara gatnaşyklary departamentiň direktorynyň orunbasary Kim Sogwon ýolbaşçylyk etdiler.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. Hususan-da, «Bir penjire» ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde, iki döwletiň tejribelerini öwrenmek, gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek, awtomatlaşdyrmak we tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgama geçmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini şeýle-de türkmen gümrük gullugynyň üstünligini belläp, taraplar Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinе integrirlemekde we täze halkara söwda ýollaryny açmakdaky ýeten üstünliklerini hem bellediler.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Türkmen-saud diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy