JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli gutlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek buýsançlydyr” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň hatynda bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti öz gutlag hatynda şeýle diýýär:
– Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran üstünlikli resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gutlag hatyny iberdi.

 

Related posts

Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk

‘Galkınış’ atlı sirk grubuna yeni at hediye edildi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti BSSG Baş direktory bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

Dr.Döwran Orazgylyjov