JEMGYÝET

Türkmen alabaýynyň baýramy bellendi

Şu gün ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, giň gerimli dabaralar geçirildi. Şeýle dabaralaryň iň esasysy Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda guraldy.

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, geçirilen dabaralaryň çäklerinde  “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi 2 tapgyrda geçirilip, 10 sany alabaý final tapgyryna çykmagy başardy. Final tapgyrynda emin agzalarynyň gelen netijesine görä, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde “Akhan” atly alabaý saýlandy. Ol Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişlidir.

“Akhan” atly alabaýyň eýesine ýörite medal, diplom we kubok gowşuryldy. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kinologyna awtomobiliň açary dabaraly ýagdaý gowşuryldy.

Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň milli senanamyza goşulan iň täze baýramçylyklaryň biridir. 2021-nji ýylda bu baýramçylyk Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellendi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenmek bellenildi.

Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi