MEDENIÝET

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Baýram Jütdiýew 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasy hökmünde Baýram Jütdiýewiň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýäris. Goý, halypanyň jaýy jennetden bolsun!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň web sahypasynda “Ýakymly ýatlamlar” bölümini alyp barýan žurnalist Akgül Saparowa Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Baýram Jütdiýew barada “Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy” atly makalasyny taýýarlap, ony 2021-nji ýylda çap edipdik.

Şol makalada “1958-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde ilkinji goşgym çap bolupdy. Şu ýyl ilkinji goşgymyň pygamber ýaşy dolýar” – diýip, Baýram Jütdiýewiň beren gürrüňleri hem-de onuň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berilýär.

– Baýram aganyň goşgularynyň her setirinde öwrenmäge, oýlanmaga pikir bar. Ol «türkmen» diýen söze «derejeli türkmen» diýmegi gowy görşi ýaly, ýurdumyzy derejeli sözler bilen wasp edýär – diýip, Akgül Saparowa makalasynda belläp geçipdi.

BAÝRAM JÜTDIÝEW BARADA MAGLUMAT:

 12.12. 1937-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Ýandakly agyz obasynda doglan. 1957-nji ýylda mugallymçylyk mekdebini,1962-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlaýar.

                                                   Işlän ýerleri:

1962-1964-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetinde edebi işgär, 1964-1969-njy ýyllarda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň bölüm müdiri, 1969-1971-nji ýyllarda TKP-nyň medeniýet bölüminiň instruktory, 1971-1973-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde baş redaktor, 1973-1986-njy ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, 1986-1991-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory, 1991-nji ýylda ýarym ýyl «Türkmenistanyň Kommunisti» žurnalynyň edebi işgäri, 1992-2003-nji ýyllarda «Diýar» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işleýär we  pensiýa çykýar. Soň 2008-nji ýylda «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary,bölüm müdiri bolup işleýär we häzirki wagtda hem ol şol gazetiň işgäri.

                                            Döwlet sylaglary:

1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, 1989-njy ýylda «Internasional esger», 1994-nji ýylda «Gaýrat», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen, 1997-nji ýylda «Galkynyş», 2000-nji ýylda «Bitaraplyk», 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň dört gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň awtorlarynyň biri.

                                                     Kitaplary:

«Akaba», «Yhlas», «Abraý», «Bagyşlanýar», «Ala meýdanlar», «Owazlar kökeni», «Göwün binasy», «Orak möwsümi», «Ýalkanmaly zamana», «Dogaýy diwan», «Mübärek agşam», «Ömrüm –eý!…»… Onuň iki kitaby dürli terjimeçiler tarapyndan terjime edilip, «Belyý dožd», «Duel» atlar bilen Moskwada çap edilýär. Uly halypalaryň biri Baýram Jütdiýew 20-ä golaý kitabyň awtory bolup, şol kitaplaryň 5-si onuň terjime eden kitaplarydyr. Ýagny olar, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahym Esenowyň «Jahanda uruş barýarka», «Sary dominonyň kölegeleri», «Säherdäki salgymlar trilogiýa», «Dünýede sen bar», «Tepbedi okalan» atly kitaplardyr.

 

Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy

Ýene-de okaň

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy