Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň. halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyplar gatnaşdy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan halkara maslahatynda 32 ýyl mundan ozal 1991-nji ýylyň güýzünde garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistanyň bu geçen döwrüň içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça gazanan üstünlikleri barada giňişleýin bellenip geçildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama iki gezek kabul edilip, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berendigi çykyşlarda aýdylyp geçildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belläp geçdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda hususan-da, Türkmenistanyň Aziýa, Aziýa-Ýuwaş ummany, Afrika yklymy, Latyn Amerika, Ýewropa we beýleki sebitiň ýurtlary bilen ýola goýan gatnaşyklaryna syn berdi.
Geçen döwürde bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere göterilip, diňe bir syýasy ugurda däl, eýsem söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygy bellenildi.
Halkara maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyrjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýazi dagylar çykyş edip, öz wekilçilik edýän guramalarynyň hem-de düzümleriniň Türkmenistan bilen alyp barýan gatnaşyklary barada gürrüň berdiler.
Şeýle hem maslahatda BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça Sebitleýin merkeziniň başlygy hanym Gwi-Ýop Sonuň hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçanyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.