DÜNÝÄ

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň adyna iberen gutlagyny okaldy. Onda türkmen diplomatlary döwletimiziň bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, halkara giňişliginde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklary barada beýan edildi.

Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimou, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Golamabbas Arbabhales çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň döredilmegi baradaky «Dialog- parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklary boýunça täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirjekdigi barada bellenildi. Bu pelsepe anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljegimize, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli ynsan gymmatlyklaryna esaslanýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi, onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň meselelerine berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetadarlyk bildirildi.

Maslahatyň ahyrynda ýaş diplomatlara we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Soňra Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti geçirildi.

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär hödürlenildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady