BILIM

Türkmenistanly ýaşlaryň 100 sanysy Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

2025-nji ýylyň 11-13-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň bilim ministri Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşyldy. Duşuşykda bu formatyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew çykyşynda bilim tehnologiýalarynyň, şol sanda sanly bilim, emeli intellekt we aragatnaşyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin bilim ministrleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Şeýle-de, tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe sebitiň ýurtlarynyň hem-de Hytaý bilen tejribe we bilim alyşmagyň aýratyn möhümdigini belledi. Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň türkmen halky üçin strategik ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşykda talyplary we mugallymlary taýýarlamak, öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly ikitaraplaýyn taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, daşary ýurt dillerini, sanly bilim we takyk ylymlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Hytaýyň toplan tejribesi bellenilip geçildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwretmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygy nygtaldy.

J. Gurbangeldiýew Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde mugallymlar we talyplar bilen tejribe alyşylýandygyny, şeýle hem bilelikdäki ylmy-bilim taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň bilim ministriniň hytaýly kärdeşi bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda mugallymlary bilelikde taýýarlamagyň, Türkmenistanda hytaý dilini öwretmegiň, hünär-tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapynyň grantlaryny özleşdirmek işlerini dowam etdirmek, şeýle hem Emeli intellekt boýunça türkmen-hytaý bilim laboratoriýalaryny döretmek bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň 100 sanysyny bakalawr ugry boýunça Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek boýunça seçip alyş işleriniň dowam etdirilýändigi barada habar berildi.

«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem sebitiň döwletleriniň hem-de Hytaýyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döredýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda II halkara bäsleşigi geçirildi

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Hytaýda okamak üçin resminamalar kabul edilýär