Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan uçurym bolan Rasulbek Tangriberganow ýerli şertlerde aýakgap boýagyny öndürmek boýunça gözlegleri geçirip, bu gözlegleriniň oňyn netijesi bilen şu ýyl ýaş alymlaryň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
«Nesil» gazetinde habar berlişi ýaly, institutyň umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty Leýla Berkeliýewanyň ol bu işe Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tejribehanasynda girişdi. Işiň ilkinji tapgyry ýerli çig mallary ulanyp, ýokary hilli aýakgap boýagyny öndürmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp düzmekden ybarat boldy. Ony önümçilige ornaşdyrmak üçin bolsa, ylmy-barlag işleriniň ynandyryjy netijä daýanmagy gerek.
Ýaş alymyň aýtmagyna görä, aýakgap boýaglarynyň düzümine 10-a golaý gurluş girýär. Olary daşary ýurtlardan satyn alyp önümçiligi ýola goýmak bolsa, önümiň baha taýdan elýeterliligini saklamagyna mümkinçilik berjek däl. Diýmek, ýerli çig mallary gözlemeli.
Rasulbek şeýle çig mallary tapdy. Asyl, görlüp oturylsa, Çeleken ýarym adasyndaky ozokerit, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň zyňyndy parafini, Hazaryň tehniki uglerod (gurum) zawodynda öndürilýän tehniki ugleron hem-de ösümlik ýag zawodynyň pagta ýagy ýerli aýakgap boýagyny öndürmek üçin çig mal bolup biljek eken. Şeýlelikde, türkmenistanly ýaş alym ozokeritiň we pagta ýagynyň esasynda aýakgap boýagyny taýýarlamagyň tertibini işledi. Irginsiz gözlegleriň netijesinde boýagyň birnäçe nusgalygy taýýarlanyldy. Elbetde, olaryň her haýsyna mahsus häsiýetler hem kesgitlenildi. Bu synanyşyklar geljekde «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy bilen dünýä bazaryna çykjak aýakgap boýagynyň binýadydy.
Ýaş alym aýakgap boýagy bilen bagly synaglaryň dürli görnüşlerini geçirdi. Pagta ýagynyň deregine beýleki ýaglary hem peýdalanyp gördi. Her gezek hem bir täzeligiň üstünden bardy. Diýmek, geljekde ýurdumyzda aýakgap boýagynyň dürli görnüşlerini öndürip boljak. Boýagyň gara ýa goňur reňkde bolmagy üçin hem hiç hili mesele ýok, hil bolsa ýokary derejede boljak. Iň esasy zat hem ýaş türkmen alymynyň başlangyjy bilen öndüriljek aýakgap boýagy örän elýeterli bahadan satylyp bilner.
Rasulbek Tangriberganowyň işläp taýýarlan aýakgap boýagynyň düzümi hem beýleki boýaglardan tapawutly. Beýleki boýaglarda organiki eredijiler ulanylýar, bu bolsa önümçilikde partlama howpuny ýüze çykarýar. Rasulbek bolsa erediji hökmünde arassa suwdan peýdalandy. Bu bolsa asla howp döretmeýär.
Indi ol täze bir arassalaýjy serişdäniň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Munuň üçin ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň soapstok diýilýän galyndysyndan peýdalanylar. Şeýlelikde, täze gözlegler ýaş alymyň galyndysyz önümçilik boýunça nobatdaky işi bolar.