SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

“www.atavatan-turkmenistan.com” saýtymyzyň rus dilindäki bölüminde bu baradaky habary eýýäm ýerleşdirdik.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw göz öňünde tutulýar. Rus ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torundaky habara görä, 17-nji dekabrda göz öňünde tutulýan ýörite gatnaw üçin awiapetekleriň satuwy “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda 14-nji dekabrda satylyp başlandy. 

Bu ýörite gatnaw Türkmenistandan Russiýa amala aşyryljak 31-nji ýörite gatnaw bolar.

“www.atavatan-turkmenistan.com” saýtymyzyň rus dilindäki bölüminde belläp geçişimiz ýaly, 14-nji dekabrda Türkmenabatdan Moskwa şäherine 30-njy ýörite gatnaw amala aşyryldy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň belläp geçişi ýaly, Russiýanyň uniwersitetlerindäki türkmen talyplary üçin göz öňünde tutulan bu goşmaça uçar gatnawyndan 194 ýolagçy peýdalandy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy ýörite gatnawlary amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri amala aşyrylýan ýörite gatnawlarynyň sany 30-a deň boldy.

 

Milli ýygyndymyzyň garşydaşlary 24-nji fewralda belli bolar

 

Ýene-de okaň

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy