BILIM

Türkmenistanda wodorod önümçiligi üçin mümkinçilik

wodorod önümçiligi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Energiýatygşytlaýyş» laboratoriýasynyň hünärmenleri energiýanyň arzan alternatiw çesmesini, hususan-da, «ýaşyl» wodorod «almagyň» usullaryny işläp taýýarlaýarlar. Ýagny ekologiýa taýdan arassa ýangyç geljekde gazylyp alynýan elektrik energiýa çeşmeleriniň ornuny tutar. «Altyn asyr» türkmen kölüniň kenar ýaka töwereklerinde synag işleri alnyp barlar. Alymlar özboluşly biokatalizator ulanarlar. Türkmen kölüniň suwunyň ýokarky gaty toplanylyp we oňa belli möçberde bir öýjükli suwotulary goşulyp, «Geliobarža» enjamynda gün şöhleleriniň täsiri bilen fotosintez prosesi güýçlendirilip wodorod alnar. Bu barada “turkmenistan.gov.tm” elektron neşirinde habar berilýär.

-Mälim bolşy ýaly, mikroorganizmleriň, bakteriýalaryň, gök-ýaşyl suwotularyň käbir görnüşleri tebigatda ýagtylygyň täsiri netijesinde işjeňlik bilen wodorod çykaryp başlýarlar. Suwotular deňiz suwundan, hat-da «Altyn Asyr» türkmen kölüniň suwlaryndanam wodorod öndürip bilýärler – diýip, barlaghananyň müdiri Meretmuhammet Hudaýberdiýew gürrüň berýär.

Uzak geljekde energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine geçmek zerurdyr. Önümçilik pudaklarynda pes uglerodly tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde alynýan wodorodyň hasabyna uglerod zyňyndylarynyň möçberini pesledip bolar. Elektroliz almaga mümkinçilik berýän ýel ýa-da Gün energiýasy şeýle çeşmeler bolup biler. Munuiň üçin ugleturşy gazyny, ilkinji nobatda suw, ýel we gün energiýasy desgalarynyň kömegi bilen tutmak we saklamak, şeýle hem suw elektrolizi tehnologiýasyny ulanyp bolar.

Ýurdumyzda Hazar deňziniň kenary güýçli ýeliň has köp öwüsmegi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýelli möwsümiň ortaça tizligi ýylda sekuntda 6 metre ýetýär. Merkezi Garagumuň demirgazyk bölegi ýel öwüsmegi babatda Hazaryň kenaryndan soň ikinji ýerdedir. Bar bolan maglumatlara görä, bu ýerde ýel energiýasynyň mümkinçilikleri ýylda 600-800 kwt s/m2 deňdir. Deňziň we uly kölleriň golaýynda ýeliň gündizki tizliginiň üýtgeýşi has gowy duýulýar. Ol belentlige görä üýtgäp durýar. Ýerden 60 metr töweregi ýokarda ýeliň tizligi güýýçli we durnukly bolýar.

Gün we ýel energiýasyny ulanmak esasynda energiýa öndürýän desgalar wodorod energiýasyny öndürmek ugrunda wajyp wezipedir.

Türkmenistanyň wodorod energiýasyny öndürmäge mümkinçiligini göz öňünde tutup, gün-ýel energiýalaryna esaslanýan enjamlar jikme-jik öwrenilýär. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylgy 10MWt köpugurly gün we ýel elektrik bekedi gurlar. «Ýaşyl» energetiýa desgasy 2019-njy ýylyň aprelinde tassyklanylan 2019-2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmegiň Konpepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler Meýilnamasyna laýyklykda bina ediler. Elektrik bekedi ekologia taýdan arassa energiýa öndürip, Tükmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatgly ýerleriň ygtybarly we üznükisz elektrik üpjünçigini üpjün eder. Ol ýurdumyzyň taryhynda özboluşly taslama bolup, onuň durmuşa geçirilmegi pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, bu ugurdan milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

 

Garagumyň kenarynda Milli bahar baýramy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar