DÜNÝÄ

Türkmenistanda nemes dilini öwrenýänleriň sany 30 müňe ýetdi

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd HAÝNS bilen “Türkmenistan” gazetiniň habarçysy gürrüňdeş bolup, hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribeler, onuň geljekki maksat-meýilleri barada gürrüň edildi. Şol söhbetdeşlikde ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. 

Germaniýanyň ilçisiniň bellemegine görä, häzir Türkmenistanda nemes dilini öwrenýänleriň sanynyň 30 müň adama ýetýär. Ilçi bu görkezijä haýran galdyryjy görkeziji hökmünde belläp geçdi.

Ilçiniň medeni-ynsanperwer babatda sowala beren jogaby şeýleräk: 

– Geljekde Germaniýa bilen Türkmenistanyň medeniýet we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygy dowam etdirip bilmegi babatda anyk taslamalaryň bardygyny görýärin. Häzir Türkmenistanda nemes dilini öwrenýänleriň sanynyň 30 müň adama ýetýändigi, hakykatdan-da, haýran galdyryjy görkeziji. Ýöne bu dile isleg has ýokary. Şoňa görä, biz dil öwredýän gysga möhletli okuwlaryň gerimini has-da giňeltmegiň üstünde işleýäris.

  • GFR-iň 4 uniwersitetini öz içine alýan german-türkmen akademiki hyzmatdaşlygy hem ösdürilip bilner. Meselem, diňe 2022-2023-nji okuw ýylynyň gyşky tapgyrynda türkmen talyplarynyň 127-si Germaniýada okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik aldy.
  • Geçen ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen GFR-iň Arheologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda-da şeýle resminama gol çekmek meýilleşdirilýär.
  • Berliniň Başlangyç we irki taryh muzeýi bolsa 2018-nji ýylda «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly serginiň üstünlikli geçirilendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanan ikinji sergini guramak barada ylalaşdy.
  • Şeýle-de ilçihanamyz Fransiýanyň diplomatik wekilhanasy bilen bilelikde geljek ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda meşhur nemes aýdymçysy Katarina Merlingiň çykyşyny guramagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy