2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 23-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Çäreler Ýewropa Komissiýasynyň binasynda geçirildi.
Duşuşyklar Ýewropa Komissiýasynyň Ylmy gözlegler we innowasiýalar boýunça Baş direktoratynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça sebit bölüminiň ýolbaşçysy Nýenke Býusmanyň gutlag sözleri bilen başlandy. Azat Ataýew öz çykyşynda Türkmenistanda bilim ulgamynyň gurluşy, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň bilim we innowasiýa maksatnamalaryna gatnaşmagyň mümkinçilikleri we tertibi bilen tanyşdyrmak maksady bilen, seminarlar guramak boýunça ylalaşdylar.
Soňra Ýewropa tarapy bilim we ylmy gözlegler boýunça esasy başlangyçlaryny hödürlemek bilen bir hatarda, innowasiýalary goldamaga gönükdirilen Horizon Europe programmasy we alymlaryň hem-de talyplaryň halkara hereketliligini ösdürmäge gönükdirilen Marie Sklodowska-Curie Actions programmasy görkezildi. Şeýle hem Ýewropa Ylmy Barlaglar Geňeşiniň grant ulgamy boýunça Eleni Zika tarapyndan hödürlenen maglumatlar aýratyn gyzyklanma döretdi.
Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet meseleleri boýunça Baş direktoratynyň bölüminiň ýolbaşçysy Filip Wan Depoel bilen aýratyn bir duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Erasmus+ programmasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselesine üns berildi, şol sanda Türkmenistanda Erasmus milli edarasynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem akademiki alyş-çalyşlar, Ýewropa Bileleşiginiň bilim programmalarynda türkmen talyplaryny goldamak we bilelikdäki ylmy taslamalary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azat Ataýew Ýewropa hyzmatdaşlarynyň hödürlän programmalarynyň türkmen talyplary we alymlary üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny hem-de olaryň Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky strategik ileri tutmalaryna laýyk gelýändigini belledi.
Bu duşuşyklar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda we akademiki hem-de medeni alyş-çalyşlara ýardam bermekde möhüm ädim boldy.