DÜNÝÄ

Türkmenistan Stambulda geçiriljek ulag forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türki Döwletleriň Guramasy bu halkara gurama agza ýurtlarynda ulag pudagynda iş alyp barýan edaralaryň, gulluklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň wekillerini 13-14-nji sentýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilmegi meýileşdirilýän halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi web saýtynda habar berildi.

Halkara forum multimodal ýük gatnawlary we logistika boýunça geçiriler. Ol multimodal halkara ulag geçelgelerini ösdürmek üçin bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmaga giň meýdança bolar.

Halkara foruma gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar 5-nji sentýabrdan gijä galman arzalaryny tabşyrmalydyrlar. Arzalary tabşyrmak we goşmaça maglumatlar üçin guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin şu ýere basyň.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri