JEMGYÝET

Türkmenistan: Owganystandaky ilçihanamyz işleýär

Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler.

Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar.

Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyklykda öz üstlerine ýüklenilen wezipelerini doly göwrümde ýerine ýetirýärler.

Diplomatik wekilhananyň hem-de konsullyk edaralarynyň işgär sanynyň azaldylmagy ýa-da hünärmenleriň bölekleýin ýurtdan çykarylmagy amala aşyrylmady.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

Türkmenistan: Owganystandaky wakalar üns merkezinde

Related posts

Face Time heniz kämil däl

vepa

Wan Goguň «Bahar bagy» atly eseri ogurlandy

Ata Watan Eserleri

2020-nji ýylyň iň gowy etraby belli edildi

Ata Watan Eserleri