DÜNÝÄ

Türkmenistan: türkmen-owgan serhedindäki gümrük nokatlary işleýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar.

Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlary adaty tertipde işleýärler we taraplaryň ikisi tarapyndan kesgitlenen tertipde awtomobil tirkegleriniň hem-de demirýol wagonlarynyň zerur bolan mukdarynyň geçirilmegini üpjün edýärler.

 

Türkmenistan: Owganystandaky ilçihanamyz işleýär

 

 

Related posts

Antalýa Diplomatiýa forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Lesotonyň ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi