BIZNES

Türkmenistan: 31 milliardlyk tebigy gaz eksporty

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 55 milliard kubmetrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10,4 milliard kubmetr köpdür.  Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Tebigy gazyň gazylyp alynmagynyň artdyrylmagy dünýä bazarynda ekologiki taýdan arassa ýangyja bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kubmetre golaý mukdaryny eksport etdi. Bu hem 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygyndaky görkezijiden 8,3 milliard kubmetr artykdyr. Ösüş depgini bolsa 137 göterime deňdir. 

Türkmen gazyny esasy import ediji hökmünde Hytaý Halk Respublikasy öňe saýlanýar. Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça bir ýylda 40 milliard kubmetr gaz bu döwlete eksport edilýär. Emma bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kubmetr gazy geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistandan başlaýan bu gaz magistralynyň işe girizilen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna harytlyk gazyň 300 milliard kubmetri eksport edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň içerki bazarynda mawy ýangyja bolan isleg artýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda täze hem kuwwatly gaztrubinaly elektrostansiýalar we gazy gaýtadan işleýän iri toplumlar  işe girizildi. Olara mysal hökmünde Gyýanlydaky polimer kärhanasyny, Garabogazdaky karbamid önümçiligi kärhanasyny, Ahal welaýatyndaky sintetiki benziniň önümçiligi kärhanasyny aýtmak bolar.

 

Germaniýa Türkmenistana öz minnetdarlygyny bildirdi

Ýene-de okaň

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Türkmenistanda SPECA hepdeligi geçiriler

Ata Watan Eserleri

SOCAR Azerbaýjanyň gazyny Awstriýa we Germaniýa ibermäge başlady