DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda Çehiýa Respublikasynyň paýtagtynda Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu maslahat migrasiýa syýasatynyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly mümkinçilik döretdi.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibi sebit we ählumumy derejede migrasiýa akymlaryny dolandyrmak ulgamyndaky giň gerimli wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen maslahatyň dowamynda Praga prosesiniň 2028–2032-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy  maslahatlaşyldy.
Şeýle hem maslahatyň meýilnamasyna emeli aň ulgamyny ulanmak hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Maslahata gatnaşyjylar migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtadylar.
Pragada geçirilen bu maslahat halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ýardam edip, häzirki zaman global migrasiýa ulgamynyň çäklerinde döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Maslahatyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Related posts

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

“Green Card” 2026: resminamalary kabul edişlik başlaýar

Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy