DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýada saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýagözel Gulmanowa resmi sapar bilen 2025-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa baryp görer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň Dünýagözel Gulmanowanyň adyna ýollan hatyndan mälim bolýar.

“Biz 2025-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasyna edýän resmi saparyňyzy sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol diňe-de bolsa türkmen-rus parlamentara gepleşiklerini güýçlendirmegiň hyzmatynda bolman, eýsem, Moskwada bolan döwürde size köp ýyly we şatlykly ýatlamalary galdyrar diýip umyt edýäris” diýip, ol belläpdir.

Matwiýenko şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Dünýägözel Gulmanowany we Mejlisiň deputatlaryny gutlady we ýurduň häzirki wagtda işjeň ösýändigini belledi.

“Şu gün Türkmenistan döwlet gurluşygynda we ykdysady ösüşde uly üstünlikleri ynamly görkezýär, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda üstünlikli işiň ajaýyp mysalyny görkezýär” diýip, ol belleýär.

Related posts

Iň gowy ispan türgeni

Moskwada rus-türkmen geňeşmeleri geçirildi

vepa

Ýaşamak üçin iň gowy şäherler

vepa