DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory hanym Diene Keýta bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Ilat gaznasynyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryna, hususan-da, demografik durnuklylyk, ýaşlaryň ösüşi we gender deňligi meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen köptaraplaýyn platformalaryň, şol sanda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aýallaryň ýagdaýy boýunça komissiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar, şeýle hem, ýaşlaryň ösüşi, Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Meýletin milli synyny hödürlemäge taýýarlygy, şeýle-de 2027-nji ýylda Türkmenistanyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparyna başlyklyk etjek döwründe hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligi

Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmak gadagan edildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa sanlylaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk eder