DÜNÝÄ

Türkmen-rus we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy has-da berkidiler

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde türkmen-rus hem-de türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

  • Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy.
  • Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň daşary işler ministriniň dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparynyň 10-yna golaýyna ýolbaşçylyk edýändigini belläp, şoňa görä-de daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynyň kadaly işlerini üpjün etmek üçin Russiýa we Ýaponiýa döwletleri bilen hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlyklygyna S.Berdimuhamedowy bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Şa zenanyna gynanç hatyny iberdi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy