JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 14-nji okýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) guramagynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Milletler Köşgünde 75-nji mejlisi öz işine başlady.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili gatnaşýar.
Birleşen Milletler guramasynyň Bosgunlaryň işi  baradaky Ýokary Komissary jenap Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetine raýatsyzlygyň soňuna çykmak  boýunça #IBELONG atly Kampaniýanyň üstünlikli tamamlandygy üçin minnetdarlygyny we raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp baran işlerine ýokary baha berip, ýurdumyzyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusgalykdygyny belledi hem-de ynsanperwer başlangyçlaryň mundan beýläk hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň kesgitleýji resminamalarynyň ähmiýetli böleginiň agzasy bolmak bilen, raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirilendigini belledi.
Ýurdumyzyň raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygyny bermekdäki tejribesi hem-de raýatsyzlyk, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara birmeňzeş garalmagy baradaky konwensiýalara Merkezi Aziýada ilkinji  bolup goşulmagy muňa şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi 2014-nji ýylda başlanan BMG-niň bütin dünýäde raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky 10-ýyllyk maksatnamasynyň tapgyrynda gazanylan üstünlik bolup durýar.
Şeýle hem, Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa Gullugynyň başlygy  Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça “2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda”  göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylandygyny nygtap, ýurdumyzyň adam hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny doly subut edýändigini belläp geçdi.

Türkmenistan dünýä derejesinde köpçülikleýin tagallalara goşant goşmak maksady bilen toplanan tejribäni göz öňünde tutup, şu ýylyň 8-nji noýabrynda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ýurdumyzda Sebitleýin konferensiýasynyň geçirilýändigini belledi.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşyny teswirlemek bilen, durnukly ösüş maksatnamasynyň çäklerinde şu günki günüň esasy talap edýän düzgüne girizilen, howpsuz, kanuny we düzgünleşdirilýän migrasiýany döretmekdäki Türkmenistanyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Mejlis öz işini 18-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Ata Watan Eserleri