SIZDEN GELENLER

Türkmen bedewiniň şöhraty

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde her ýylyň aprel aýynyň ilkinji gününden “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýy hökmünde giň gerimli sport çärelerini öz içine alýan özboluşly bir sport baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tamamlanýar. Bu baýramçylyk çärelerine adatdakylar ýaly, däp boýunça şu ýylyň aprel aýynda hem köpçülikleýin badalga berilmegi biz türkmen ýaşlary diýseň buýsandyrýar, Çünki, bütindünýäde sport – jemgyýetde jemagatyň sagdyn ýaşaýşyny we ruhubelent şähdiaçyklygyny berkarar etmegiň düýp esas özeni bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, sporta biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berlip, onuň resmi nyşany döredildi. Bu nyşanyň esasy merkezinde, şeýle-de olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän 45000 orunlyk Olimpiýa stadionyň depesinde türkmeniň behişdi ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň özi hemmeleriň, hususanda sport janköýerleriniň ünsüni özüne çekýän bolsa gerek. Elbetde, nesilden-nesle geçip ata-baba aňyrdan gaýdýan göreş, küşt, at çapyşyk we söweş sungaty ýaly birnäçe milli sport oýunlary barka, olaryň arasyndan ala-böle diňe atçylyk sportyny alamatlandyrýan behişdi ahalteke bedewiniň şekiliniň  türkmen sportynyň baş resmi nyşanynyň esasy merkezini, şeýle-de 45000 orunlyk Olimpiýa stadionyň depesini bezemek üçin saýlanylyp alynmagynda diýseň uly many bardyr. Çünki, Bütindünýä sport olimpiadasyna ilkinji gezek atçylyk sporty boýunça biziň türkmen halkymyzyň ýetişdiren tohum bedew aty çykdy we dünýä rekordyny goýup, ägirt uly ýeňiş gazandy. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu uly şöhratyň eýesi bolan türkmeniň 1930-njy ýylda doglan Arap atly gyratynyň we onuň neslinden bolan 1952-nji ýylda doglan gara reňkli Absent atly bedewiniň Bütindünýä sport ýaryşynda gazanan üstünliginiň terjimehaly diýseň buýsandyryjydyr. Ýagny, Arap üç ýaşynda Aşgabatda bolan uly aýlawda 1600 metr aralykdan ýaryşa goşulýar. Şonda ol bellenilen aralygy 1 minut 50 sekuntda geçip, rekord goýýar. Onuň bu gazanan görkezijisi şol aralyk üçin 25 ýyllap saklanyp galýar. 1935-nji ýylyň 20-nji maýyndan-22-nji awgustyna çenli guralan deňi-taýy bolmadyk Aşgabat – Moskwa atly ýörişine şol wagtlar bäş ýaşynda bolan Arap hem gatnaşýar. Ol Moskwada on ýedi ýaşyna çenli atçylyk sporty boýunça geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşýar. Onda üstünlik gazanyp, şan şöhratyny artdyrýar. Ol aýratynda, 1947-nji ýylda Moskwada geçirilen konkur sport ýaryşynyň ýeňijisi bolýar. Arap beýikligine päsgelçilikden bökmekde rekord goýýar. Şonda ol 2 metr 12 santimetr beýiklikden bökmegi başaryp, dünýäniň çempiony bolýar. Munuň özi bolsa, türkmen halkynyň seýisläp ýetişdiren bedew atynyň has üýtgeşik, özboluşly ukyp-başarnyklara eýe bolýandygyny görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän 45000 orunlyk Olimpiýa stadionynyň depesinde ak reňkdäki ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň özi hem türkmen sportunda ilkinji gezek atçylyk sporty boýunça dünýä çempiony diýen ada eýe bolan Arap atly ak ata halkymyzyň çäksiz buýsanjynyň özboluşly bir nyşanyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Arap bilen 1945-nji ýylda gazanylan Beýik Ýeňşiň harby ýörişi hem kabul edilipdir. Arabyň gara reňkli Absent diýen nesli hem atasynyň ýeňişli ýoluny dowam etdirip, 1956-njy ýylda Moskwa şäherinde geçirilen sport ýaryşyna gatnaşmak bilen özüniň şowly ädimine başlaýar. Ol 1958-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Germaniýada geçirilen atçylyk sport ýaryşynda ikinji orna, şeýle-de şol ýyl ol oba hojalygynyň Bütinsoýuz sergisinde ahalteke tohum atlarynyň çempiony bolýar we I derejeli attestat bilen sylaglanýar. Ol 1960-njy ýylda Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilen XVII Olimpiadada-da çempion bolýar. Şonda  Absentiň çapyksuwary bu ahalteke bedewiniň ýyndamlygynyň, çeýeliginiň, tizliginiň we kuwwatlylygynyň esasynda, Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony – 1952-nji we 1956-njy ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynyň çempiony şwed Sen-Siranyň hut özüni ýeňmegi başarypdyr we ol ýerde bu behişdi türkmen bedewine “Asyryň aty” diýen hormatly at berlipdir. Soňra Absent 1964-nji ýylda Tokioda bolan XVIII Olimpiada hem gatnaşýar. Dogrusy, Absent Ýaponiýa getirilýänçä uzak ýoly geçmeli bolýar. Şonda hem ol ýolda ýarawsyzlyk tapynýar. Ýöne ol ýarawsyz bolsa-da, ýaryşa gatnaşyp, çykyş edýär. Üstünlikli çykyşy üçin ol ikinji orun eýeleýär we kümüş medala mynasyp bolýar. Ýarawsyz halda çykyş edip, ikinji ýeri eýeläp bilmekligiň özi hem iň uly ýeňişdir. Bu ýaryşda özüniň şowly çykyşy bilen köpleri haýran galdyryp, Absentden ýadygärlik hökmünde dikeldilen onuň altyn heýkeli häzirki wagtda-da “Altyn bedew” ady bilen Tokio aýlawyny bezäp otyr. Absent şol ýaryşda sagdyn halda çykyş eden bolsady, ol hökman birinji ýeri eýelärdi. Muňa onuň öňki ýaryşlarda gazanan belent sepgitleri hem güwä geçýär. Absent 1968-nji ýylda Meksikada geçirilen XIX Olimpiada-da gatnaşýar we “Dünýäniň iň gowy sport aty”  diýlip ykrar edilýär. Absente çenli hiç bir at şunuň ýaly iň ýokary hormatly ada mynasyp bolmandyr. Şeýle belent derejäniň özi dünýä ýüzünde türkmeniň ahalteke atlaryna bolan belent söýginiň, hormatyň, sylag-sarpanyň aýdyň mysalydyr. Diýmek, Absent atasy Araba garanyňda atçylyk sporty boýunça bütindünýä olimpiadalaryna has köpräk gatnaşypdyr we birnäçe uly baýrakly orunlara eýe bolupdyr. Ýöne muňa garamazdan Absent atly “Dünýäniň iň gowy sport atyny” dünýä beren tohum at hökmünde hem-de türkmen taryhynda Bütindünýä sport olimpiadasyna atçylyk sporty boýunça ilkinji gatnaşan ahalteke bedewi hökmünde Arabyň  ak gyr reňkli şekili tizligi, çeýeligi, kuwwatlylygy we owadanlygy beýan etmeklik bilen türkmen sportynyň baş resmi nyşanynyň, şeýle-de 2017-nji ýylda  ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynyň esasy merkezinde orun alypdyr. Türkmeniň Arap, Absent atly ahalteke bedew atlarynyň gatnaşan Bütindünýä sport olimpiadalarynyň ählisi sentýabr aýynda bolupdyr. Özem bu uly olimpiadalarda Arabam, Absendem 17 ýaşlarynda iň ýokary sport derejelerine eýe bolupdyrlar. Ýagny, Arap 17 ýaşynda konkur ýaryşyna gatnaşyp, iň ýokary päsgelçilikden geçmek boýunça dünýä rekordyny goýýar. Absent hem 17 ýaşynda “Dünýäniň iň gowy sport aty” diýen hormatly ada eýe bolýar. Hut şundan we türkmenlerde aýdylýan “Özge sähedi bilmeseň, üç ýedini bileňokmy”diýen aýtgydan ugur alnyp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hem 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 17-de başlandy. Bu şanly sene her bir watandaşlarymyz ýaly biz türkmen ýaşlarynyň hem hakydasynda ýatdan çykmajak taryhy waka boldy.

Toýly JÄNÄDOW, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri