Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we aç-açanlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, mizemez baý milli mirasymyzy dünýä ýüzüne aýan etmek maksady bilen sebit we dünýä derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. 2022-nji ýylda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» muňa aýdyň mysal hökmünde çykyş edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň köp sanly döwletleri bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdy. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasy esasy hyzmatdaş döwletleriň biri bolup durýar. Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden ýurtlaryň biri boldy we şondan bäri strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ädimler ädildi. Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy dostlukly syýasy gatnaşyklary ýola goýup, özara hormat we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýarlar. Türkmenistan, özüniň hemişelik bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Russiýa Federasiýasy bilen bitarap we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giňden hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar esasan hem energetika, söwda we ulag infrastrukturasyny ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, rus kompaniýalary Türkmenistanyň infrastruktura we gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar.
Dürli çäreleriň we saparlaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbidine syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de görnüşlerini kesgitlemek üçin yzygiderli esasda duşuşýarlar. Şeýle hem, döwletler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri, iki tarapy gyzyklandyrýan derwaýys halkara we sebit meseleleri babatda pikir alyşmak hem-de garaýyşlary ylalaşmak üçin daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri geçirýärler.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar, munuň özi bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet hem-de sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunluk bilen, iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk berkitmek maksady bilen gol çekişilýän resminamalaryň sanynyň ýyl saýyn artmagy, dürli başlangyçlaryň amal edilmegi Türkmenistan ýurdumyzynyň daşary syýasatynyň ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Ajaýyp zamanamyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge kämil bilim almaga daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sag bolsun we çäksiz alkyşymyzy aýdýarys.
Ejebaý Soýunowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiyaty mugallymy