BIZNES

Türkmen hususyýetçileri angliýaly kärdeşleri bilen oba hojalygy boýunça pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Beýik Britaniýanyň Halkara söwda ministrliginiň hünärmenleri bilen TSTB-niň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Onda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk pudaklarynda biotehnologiýanyň we genetikanyň gazananlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Onuň bar­şyn­da da­şa­ry ýurtly hyz­mat­daş­lar türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň oba­se­nagat top­lu­myn­da alyp bar­ýan iş­le­ri, mu­nuň üçin dö­re­dil­ýän şert­ler we öň­de goý­lan we­zi­pe­ler bi­len hem tanyş­dy­ryl­dy. Şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly wi­deo­gör­nüş­ler­de döw­re­bap toplum­lar­da, giň eke­ran­çy­lyk meý­dan­laryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şol san­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mi­we­le­ri gör­ke­zil­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da yl­my esas­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni ösdür­mek, se­riş­de tyg­şyt­laý­jy hem-de azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si, bu ugur­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­ta­nyň Ýewro­pa ýurt­la­ry bi­len işe­wür­lik gat­naşyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne dö­re­dil­ýän şert­le­re ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. 

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar