BILIM

Türkmen alymlary ýokary çuňluga çydamly ştangaly nasosy oýlap tapdylar

«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça soňky wagtlar ýokary çuňlukdaky guýular gazylyp, olardan önüm alynmaga başlandy ― diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

Ştangaly nasoslaryň ulanyş çuňlugy 2500 metrden geçmeýär. Guýynyň gazylyş gyşarmasy bu nasosyň ulanyş çägini azaldýar. Elektrik motory bilen işleýän nasoslaryň ulanyş çuňluklary 3500-4000 metrden geçmeýär. Şeýle çuňluga goýberilýän kabelleriň örtügini nebitiň düzümindäki ýeňil gazlar zaýalap hatardan çykarýarlar.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de onuň Balkanabat bölüminiň professor mugallymlary agzalan meseläniň çözgüdiniň bir görnüşini işläp düzdüler we oňa Türkmenistanyň 655 belgili oýlap tapyşlygyň çäklendirilen patenti alyndy.

Bu enjamyň iş kadasy guýynyň çuňlugyna, temperaturasyna we gyşyk gazylmagyna bagly däldir. Nazary taýdan esaslandyrylsa-da, oýlanyp tapylan nasosyň işlemäge ukyply bolan nusgasyny ýasamak zerur. Bu meseläni çözmekligi Mary şäherindäki «Tilsimat» jemagat hojalygy öz üstüne aldy. Häzirki wagtda zerur bolan enjamlary we materiallary toplamak işleri alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri