JEMGYÝET

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleri: birinji gün

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy täsirli çäreleriň üçüsini öz içine aldy. Olar Şemsi-Siwasy welaýat halk kitaphanasynda ýaýbaňlandyrylan sergiden, Siwas Kongres merkezinde türkmen çeper filiminiň görkezilmeginden hem-de Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen konsertden ybarat.

 

Sergi: medeniýetleriň duşuşygy

 

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çägindäki dabaralar Şemsi-Siwasy welaýat halk kitaphanasynda geçirilen ilkinji halkara çäredir. Häzirki wagtda Türkiýäniň iň uly dört kitaphanasynyň biri bolan bu paýhas ojagy dört ýyldan bäri işläp gelýär.

Sergi amaly-haşam sungatynyň eserlerini, fotosuratlary we beýleki gymmatlyklary öz içine aldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Siwas welaýatynyň häkimi gatnaşdy.

Sergä ýerli ýaşaýjylaryň arasynda isleg uly boldy. Sergi öz işini dowam etdirýär.

 

Taryhy binada türkmen filmi

 

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň çäginde Siwas şäherinde ýerleşýän Kongres binasynda türkmen filmi görkezildi. Kino muşdaklarynyň onlarçasy bu taryhy binada bir sagada golaý wagtyň dowamynda “At – myrat” atly çeper filme tomaşa etdiler.

Filmde Merdan atly oglanjygyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi, yhlasy beýan edilýär. Şol oglanjygyň we onuň seýis bolup işleýän atasynyň üsti bilen filmde türkmen halkynyň gamyşgulak bedewlere hormaty açylyp görkezilmäge çalşylypdyr.

Filmiň görkezilmeginden soň türkmenistanly myhmanlar taryhy bina aýlanyp gördüler. Mundan bir asyr ozal – 1919-njy ýylda taryhy wakalaryň bolup geçen binasy häzir muzeý hökmünde ulanylýar. Bu taryh Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk bilen baglydyr.

 

Türkmen sungatyna tutuş Siwas el çarpdy

 

Siwas şäherinde ýerleşýän Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen konsert bilen Türkmenistanyň Türkiýedäki medeniýet günleriniň birinji güni tamamlandy. Konsertiň dowamynda türkmen halk aýdymlary, ussat kompozitorlarymyzyň eserleri, “Miras” folklor toparynyň çykyşlary bilen billeikde, türk aýdymlary hem ýerine ýetirildi. Aýdymlaryň birini, ýagny Türkiýäniň uly sahna ussatlarynyň biri Ibragim Tatlysesiň “Türkmen gelini” atly aýdymyny Hajy Ýazmämmedow ýerini ýetirdi. “Bu ýollarda” atly meşhur aýdym bolsa türkmen we türk aýydymçylarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Aýdymlaryň her birine tomaşaçylar uly şowhun bilen el çarpyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy hem uly üns we söýgi bilen diňlendi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy bilen jemlendi.

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi