SIZDEN GELENLER

Towşançylygy ösdürmegiň ykdysady ähmiýeti

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzümindäki ylmy barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag derňewler geçirilýär. Her ýylda ýokary okuw mekdeplerinde işleýän ýaş hünärmenler ylmy-barlag işlerini alyp barmak bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri we ykdysady ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de baky Bitaraplygymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, ösen döwletleriniň hataryna çykdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalygyna hem uly üns berilýär. Onuň ähli pudaklary ylmyň gazananlarynyň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen innowasion ösüşe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyna we beýleki pudaklaryň ykdysady taýdan ösmegine döwlet tarapyndan maliýe kömeklerini bermek we olaryň öndürijilikli zähmetini gazanmak, önümiň  ýokary hilli öndürilmegi üçin gözegçiligi berk saklamak, taýýar önümleri kesgitlenen bahalar boýunça ýerlemek we şolar esasynda döwletiň (kärhananyň) ýokary maliýe görkezijilerini gazanmakda ykdysadyýetiň ösüşine täsir edýän faktorlaryň ýüze çykarylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Towşançylyk maldarçylygyñ iň girdejili, az zähmet talap edýän, ösüp barýan ugurlarynyň biridir. Towşanlaryň arassa tohumyny köpeltmek, tohumçylyk we hojalyk gymmatly alamatlaryny saklamak hem-de tohumçylygynyň hilini kämilleşdirmek, baş sanyny artdyrmak esasy maksat bolup durýar. Et-deri ugurly towşan tohumlaryndan sütükli dersinden başga-da siňijiligi ýokary bolan, berhizlik et alynýar. Innowasion tehnologiýalar ösen döwründe towşanlary ylmy esasda talaba laýyk saklamagyň we idetmegiň  ykdysady taýdan netijeliligi ýokary bolýar. Towşançylyk işini alyp barmaklyk gaty köp möçberde maýa goýumy talap etmeýär hem-de işiň alnyp barylyşy ýönekeý bolup, ol aýratyn harajat talap etmeýär.  Towşanlar  tiz köpelýänligi bilen tapawutlanyp, ýylyň dowamynda 7-8 gezek çebşekleýär. Bu bolsa pudagyň girdejiligini artdyrýar.

Towşançylyk iki ugur boýunça alnyp barylýar:

  • et ugurly towşançylyk;
  • deri ugurly towşançylyk.

Bu kiçi pudagyň önümçiligi galyndysyz bolup, onuň ykdysady taýdan az harajatly boljakdygyny görkezýär.

Towşanlaryň önümliliginiň 20-30%-ti  saklanyş şertine, 25%-ti towşanlaryň tohumyna we 55 %-ti olaryň iýmitlendirilişine bagly bolup durýar. Ilki bilen olaryň saklanjak ýerleriniň  temperaturasyny sazlamaly. Çalt üýtgeýän mikroklimat olaryň köpelmegine hem-de çebşekleriň ulalmagyna ýaramaz täsir edip bilýär.

Häzirki wagtda  towşanlary idetmek  2 ugur boýunça amala aşyrylýar:

  • daşarda hinlerde saklamak;
  • kiçi fermalarda (kapasalarda) mikroklimaty sazlanýan jaýlarda saklamak.

Kiçi towşançylyk fermalaryny döredip işe goýmak üçin birnäçe zerur şertleri göz öňüne tutmaly:  towşanlary soýup olaryň derisini gaýtadan işlemek, olaryň etlerini arassalamak we gaplamak üçin amatly iş şertini döretmeli. Towşanlary iýmitlendirmek maksady bilen ot-iýmleri ýetişdirmegi göz öňünde tutulmaly. Ammarlaryň içinde ot-iýmleriň gowy saklanmagyny hem-de  howasynyň wagtly-wagtynda täzelenip durulmagyny gazanmaly. Çebşeklikden saýlanan towşanlary baka goýmagy göz öňünde tutyp, agramy ýeten towşanlary  ýörite ýasalan kapasalarda saklamaly. Olar agaçdan ýasalan bolup, gapylary gözenek görnüşde, tehnologiýasyna baglylykda, kapasalaryň ýylylygy sazlaýan hem-de suw, iýmit goýberip bolýan turbalar bilen üpjün edilen bolmaly. Kapasalarda hökmany suratda suw hem-de mineral daş bolmaly. Bu olaryň sagdynlygy üçin zerur hasap edilýär.  Mineral daşy towşanlar  dişini çalmak üçin ulanýar.

Bu pudaga edilýän harajatlar ýönekeý bolap, olar aşakdakylardan ybaratdyr:

  1. ot-iým harajaty;
  2. weterinar dermanlar;
  3. elektroenergiýa;
  4. suw;
  5. transport harajatlary;
  6. işgärleriň zähmet haky;
  7. kapasalary täzelemek we olary dikeltmek.

Towşan etiniň iýmitlik gymmatynyň ýokarydygy hem-de saglyga örän peýdalydygy hemmelere mälimdir. Önümçiligini bolsa, galyndysyz diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi, towşanyň eti iýmit üçin peýdalanylýan bolsa, onuň sütükli derisini gön önümçiliginde peýdalanyp bolýar. Etini ýerlemekde söwda nokatlaryny, dynç alyş merkezlerini, çagalar baglaryny, restoranlary,  bazarlary göz öňüne tutyp, alyjylar bilen şertnama baglaşmak esasynda aňsatlyk bilen ýerlemek mümkinçiligi bar. Sütükli derisini bolsa, derini gaýtadan işleýän zawodlar bilen ylalaşyk baglaşylsa, önüm galyndysyz gaýtadan işlener.

Towşanyň eti gülgüne reňkli, ýumşak, dykyz, içki ýag bilen garyşmaýan inçe myşsaly süýümlerinden durýar. Adam üçin 4-5 aýlyk towşanlaryň eti has peýdaly hasaplanyp, onuň bedene 90 % -den gowrak özleşýär. Towşanyň ýagy hem köp keseli bejermekde hem-de kosmetologiýada kosmetika üçin gipoallergen esas hökmünde giňden ulanylýar.

Towşan etinde ýeňil özleşýän belok, ýaglar, minerallar we witaminler bar. Onuň etinde PP, C witaminleri, B topary (B6, B12), demir, fosfor, magniý, kaliý, marganes, kobalt we beýleki minerallar bar. 100 gram towşan etiniň kaloriýasy takmynan 180 kkal.

Towşan etiniň çykymy olaryň ulalmagy bilen üýtgeýär. Mysal üçin, etiniň çykymy täze bolan çebşeklerde 41,2%,   2 aýlykda 50,6%, 3,5 aýlykda 51,8%, 4,5 aýlykda 57,1% we 10 aýlyk ýaşynda bolsa 63% deň bolýar. 2-3 aýlyk et ugurly towşanlaryň etiniň çykymy (kaliforniýa, ak täze zelandiýa, uly (gigant) tohumlary) 60% ýetýär. Et-deri ugurly towşanlaryňky 50-55% deň bolýar.

Towşan etiniň peýdaly aýratynlyklary:

Towşan eti ýürek-damar ulgamyna peýdaly täsir edýär, gipertoniýanyň, aterosklerozyň we beýleki keselleriň öňüni almakda hem peýdasy bar.

Towşan eti aşgazan-içege ulgamynyň işine oňyn täsir edýär, ony aşgazan ýarasy keseli, gastrit, içege keseli, aşgazan asty mäz, bagyr, böwrek we öt ýollary üçin berhiz iýmitine girizmek maslahat berilýär.

Towşan etiniň düzüminde allergenler az bolýar. Şonuň üçin allergiýa ýykgyn edýän adamalarada peýdaly hasaplanýar.

Towşanlaryň etinde iýmit bilen bedene girýän gerbisidleriň we pestisidleriň bölünmegi netijesinde emele gelýän agyr hem-de strontium-90 duzlary ýygnanmaýar. Şonuň üçin hünärmenler radiasiýa derejesi ýokarlanan ýa-da himiýa terapiýasyndan geçýän ýerlerde towşan etini ulanmak peýdaly hasaplanylýar.

Towşan etini yzygiderli iýmek deriniň we gyjyndyrmalaryň ýagdaýyna peýdaly täsir edýär. Şonuň üçin hünärmenler towşan etini agyr kesellerden soň we güýçli fiziki güýje sezewar bolanlaryň iýmitine goşmagy maslahat berilýär.

Şöhrat Wekilow

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri