SÖHBETDEŞLIK

Tikgi we Potdyş: “Gülki uzak ömrüň syry”

Gülki hemişe ynsana lezzet bagyş edýän, ony ýaşardýan, saglygyna hemişe oňyn täsir edýän Allatagalanyň bize beren peşgeşidir. Gülküsiz durmuşyň gyzygy bolmaýandygy her birimize mälim hakykatdyr. Şu sebäpden bize gülki bagyş edýän wäşi artistleriň orny aýratyndyr. Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Täze ýyl myhmanlary hökmünde ýurdumyzyň iň meşhur wäşileri Türkmenistanyň at gazanan artistleri Öwezmuhammet MEREDOWY (Tikgi) we Annagylyç ÇARYÝEWI (Potdyş) çagyrdyk. Olar bilen geçiren gyzykly söhbetdeşligimizi hem size ýetirmegi makul bildik.

-Hormatly myhmanlarymyz, sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Ýetip gelen Täze ýyl mynasybetli sizi tüýs ýüregimizden gutlaýarys! Siziň sungat  söhbetdeşligimize başlaýsak.

Potdyş: -1991-nji ýylda orta mekdebiň 6-njy synpynda okaýarkam Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky Medeniýet merkezindäki gurnaga höwesjeň artist bolup bardym. Ol ýerde ilki kiçi keşpleri, soňabaka režissýorlarymyzyň maňa ynanan uly keşplerini hem ýerine ýetirdim. Tikgi bilen hem soň tanşyp, dürli kinolarda, sahnalarda bile sahna çykyp başladyk. 2001-nji ýyldan bäri dürli degişme sahnalarynda bilelikde çykyş edip gelýäris.

Tikgi: -Men hem 1992-nji ýylda şol gurnaga gatnap başladym. Emma bu etrapdaky medeniýet öýüne, men öz obamdaky medeniýet öýüne gatnaýardym. Şähere, paýtagta bäsleşiklere gaýdanymyzda biz bile gaýdýardyk. Soň biz harby gulluga gidýänçäk şol ýerde işledik. 1995-1997-nji ýyllar aralygynda harby gullugy berjaý edip, merkezimizde işe ýerleşdim. Potdyşam 1996-1998-nji ýyllarda gulluga gidip, 1999-njy ýylda merkezimize işe geldi. Şondan bäri biz ikimiz işleşip ýörüs.

-Siziň asyl atlaryňyzy watandaşlarymyzyň köpüsi bilenok. Biz sizi Tikgi we Potdyş diýip tanadyk. Bu atlar sizde nädip galdy?

Tikgi: -Meniň hakyky öz adym Öwezmuhammet. Ýöne biz türkmenler öz çagalaryna iki at dakagan bolýar. Şonuň üçin öýde-de meniň adymy Tirkeş (Tirkiş) diýip tutýarlar. Onsoň bir degişme sahnasynda Şemka maňa Tikgi diýip adymy gysgaltdy welin, men şol ady özüme aldym. Bu degişmämiz 2001-nji ýylda surata düşürilen “Tikgi we başgalar” atly filmimizde hem goşduk.

Potdyş: -Bizde semiz oglanjyklara Potdyş diýip at dakýarlar. Bu ady maňa çagalykdan diýip ýörensoňlar, Potdyş ady maňa nätanyş däl. Ýogsam öz asyl Annagylyç. Bu ady meniň atam gowy görýän eken. Maňa şol adyň atamdan galandygyny aýdyp bilerin.

-Siziň ýerine ýetirýän degişme sahnalaryňyzy kim ýazýar?

Tikgi: -Biziň oýnaýan degişmelerimiziň köpüsi halypalarymyzyň ozal oýnan degişmeleri. Soň biziň özümiz gazet-žurnallarda çykýan dürli gülkünç degişmeleri okap, şolary ýerine ýetirýäris. Mundan başga-da, biziň ýaşaýan ýerimiz oba ýeri bolansoň oba ýerinde hem şahandaz adamlaryň arasynda degişmeler köp bolýar. Biz hem şol edilýän degişmeleri çeperleşdirip, kebşirläp, toýlarda, sahnalarda ýerine ýetirýäris.

-Halypalaryňyz hakda hem gürrüň beräýseňiz?

Tikgi: –Illerde halypa bir kişi bolýan bolsa, bizde dört halypa bar. Men mekdepde okaýan döwrüm Bäşim Agabaýew atly mugallymym meni gurnaga ýazyp, artistligiň syrlaryny öwretdi. Ondan soň Annanyýaz Kelhanow obamyzyň teatrynyň režissýory bardy. Ol hem maňa bu ugurda özüniň maslahatlaryny berdi. Şolar üç sany bolup degişme oýnaýardylar. Edil men, Potdyş, Çepbe ýaly. Şolar ýaly Annam, Bäşim, Gündogdy üçüsi degişme oýnaýan satiriklerdi. Men şolardan Gündogdynyň häsiýetine öýkündim. Onsoň etrabymyzda Türkmenistanyň halk artisti Sähet Durdyýew atly artistimiz bardy. Ol hem maňa drama ugrundan spektaklda keşp janlandyrmagy öwretdi.

Potdyş: Meňkem edil şolar ýaly. Tikginiň ýaňky aýdan üç degişmeçiniň Bäşim Agabaýewe men öýkünýän. Gündogda Tikgi, Annanyýaz Kelhanowa Çepbe öýkünýärdi. Biz çagalygymyzdan şolaryň ýanynda bolup, biziň herimiz şolara öýkünýärdik. Sähet aga hem bize ýakyndan özüniň kömeklerini berýärdi.

Drama ugrundan nähili keşpleri janlandyrypdyňyz?

Tikgi: –“Magtymguly”, “Görogly”, “Wah, siz erkekler…” spektakllarynda dürli keşpleri janlandyrdym. Şol spektakllarda-da maňa şahandaz, gülkünç keşpleri ynanýardylar.

-Ilkinji gezek sahna çykanyňyzda duýulýan tolgunmany häzir hem kalbyňyzda duýýarsyňyzmy?

Tikgi: –Elbetde. Çünki halk seniň her hereketiňe ünsli seredip, saňa baha berýär. Halkymyzyň gözünden hiç zat gaçmaýar. Şonuň üçin her gezek sahna çykanymyzda keşbimizi kadaly ýerine ýetirmek ugrunda elimizden gelenini edýäris. Ozal uly artist bolsaň tolgunmaň gaçar diýip pikir edýärdik. Biz şol uly artist bolubilmän geçdik. Sebäbi näçe tejribe toplasaňam, her sahna çykanymyzda tolgunmamyzy ýeňip bilemizok.

Güldürmek bilen aglatmagyň haýsysy has köp zähmeti talap edýär?

Tikgi: –Elbetde, güldürmek. Aglatmak gülkä garanyňda aňsadrak. Sebäbi gynançly zatlary sanasaň boldugy. Emma nädip güldürjegiňi käte özümizem bilmeýäris.

Size keşbi özüňize nähili “siňdirýärsiňiz”?

Tikgi: –Men-ä maňa nähili keşpdäki adamyň keşbi ynanylanda, şol keşpdäki adamy durmuşdan gözläp, şony öwrenip başlaýaryn.

Potdyş: –Bir kino düşüriljek bolnanda ýa-da sahnada spektakl goýuljak bolnanda režissýor saňa bir keşbi ynanýar. Ol seniň şol keşbi ýerine ýetirip biljekdigiňi bilýär. Sen onsoň şol keşbiň sözleri bilen tanşyp, şol keşbi özleşdirip başlaýarsyň.

-Diýmek, artist keşbe görä bolmaly, şeýlemi? Emma dünýä tejribesinde artistleriň keşp saýlaýandyklaryna hem gabat geldik. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Tikgi: -Meniň pikirimçe, ol hem bolup biler. Ýöne men ýene wäşi keşbi ýerine ýetirmegi saýlardym.

Potdyş: -Biz beýleki görnüşdäki keşbi saýlabam bilmerismikäk diýýän. Çünki biz drama, tragediýa ugrundan keşp janlandyrsagam halk bize ynanmaz. Halkymyz bizi wäşi keşpde kabul edendigini aýdýar.

-Durmuşda ökünen wagtyňyz boldumy?

Tikgi: –Men Aşgabatdan ýokary okuw mekdebine okuwa, şäherde teatra işe çagyranlarynda gitmändigime ökünýän.

Potdyş: –Menem Tikgä goşulýan.

-Eden arzuwlaryňyza ýetmegi başardyňyzmy?

Tikgi: –Hudaýa müňlerçe şükürler bolsun, hemmesine bolmasa-da ýetdim.

Potdyş: –Menem ýetdim diýip bilerin.

-Siz haýsy artistleriň janlandyrýan keşplerine tomaşa etmegi halaýarsyňyz?

Potdyş: –Aşyr dädä, Haýytmyrat Durdyýewe, Orazgül Apbasowa, Ýagşy Goşunowa, Myrat Mollaýewe tomaşa etmegi halaýarys. Emma biz olara hemişe tomaşa etmäge wagt tapmaýarys. Ýöne olar bilen sahnada bile oýnanymyzda halypalaryň ýerine ýetirýän keşplerini tomaşa etmek bize ruhy lezzet berýär.

-Sungatda üstünlik gazanmagyň ýoly nämede?

Potdyş: –Bu pikire yzygiderli köp zähmet çekmeli diýip aýdýarlar. Emma adama şowlulyk hem ýar bolmaly diýip pikir edýän.

Tikgi: –Şowlulyk bilen birlikde pespäl bolmak hem gerek. Käriňi söýmeli. Ýürekden edilýän zat hem ýürege barýar. Ýasama zatlar bilen üstünlik gazanyp bolmaz.

-Artist bolmasaňyz kim bolardyňyz?

Tikgi: –Men ulagy, ulag sürmegi halaýaryn. Şonuň üçin sürüji bolardym. Öýdäki maşynymy arassalap, onuň bilen wagt geçirenimde aýalym “Meni şonuň ýaly gowy görmeýäň” diýip, öýkeleýän wagtlaram az bolanok.

Potdyş: –Men kärendeçiligi, daýhan bolmagy saýlardym.

-Size öýkünseler ýarardymy?

Tikgi: –Men gaty begenerdim. Maňa Tejenden Serdar diýen oglanyň öýkünýändigini bilýän.

Potdyş: –Bize öýkünýän artistler bar. Ol Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda işleýär. Oňa Döwlet (Jüjür) diýýän ekenler. Şony bir toýda görenimde “Ol maňa däl-de, men oňa öýkünýän” diýenimi duýmadym.

-Häzirki wagtda nähili işleri edýärsiňiz?

Tikgi: –Şu wagt Täze ýyl baýramçylygy üçin üç sany kinoda surata düşdük. Nesip bolsa, olary tomaşaçylarymyz teleýaýlymlarymyzda tomaşa edip bilerler.

-Hormatly myhmanlar, gymmatly wagtyňyzy sarp edip, biziň bilen söhbetdeş bolandygyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýäris. Täze ýylyň size täze üstünlikler, şowlulyklar getirmegini arzuw edýäris.

 

Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda