JEMGYÝET

Terjimeçilik hünärini öwretmegiň usulyýeti

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz halkara gatnaşyklaryň, ykdysadyýetiň, bilimiň, medeniýetiň hem-de beýleki ugurlaryň ösüşlere beslenýän döwründe ýaşaýarys. Muňa bolsa maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi täsir edýär. Halkara gatnaşyklarda iňlis dili esasy resmi dil hökmünde ulanylýar. Bu dil bilim, ylym çeşmeleriň dünýäsine aralaşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda işlerini alyp barmaga we dünýä bazaryna goşulmaga esasy şert bolup durýar.

Şu jähetden hem terjimeçilik hünäri biziň günlerimizde uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde terjimeçileriň hünär derejeleriniň we ygtyýarlyklarynyň talaplary üýtgedi. Olar islendik ugurda halklaryň arasynda täsirli gatnaşyklary guramagy we dürli derejeli daşary ýurt dilindäki çylşyrymly maglumatlary dil hem ýazuw üsti bilen ýokary hilli terjime etmegi başarmalydyrlar. Şu maksatlar bilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Terjime işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen mugallymlar ýokary derejeli terjimeçileri taýýarlamak babatynda okatmagyň täze usulyny işläp düzýärler. Bular barada Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Gülşat Hudaýberdiýewanyň “Mugallymlar” gazetindäki makalasynda maglumat berilýär.

Terjimäni öwretmegiň bar bolan usullaryny seljermezden öňürti “terjime” düşünjesini anyklamagymyz gerek. Terjime köptaraply düşündirişlere eýedir. Olaryň her biriniň manysy awtoryň ylmy-barlaglarynyň maksatlaryna baglydyr. Mysal üçin, terjime etmegiň gurluş usulynyň tarapdarlarynyň düşündirişine görä, terjime — bu maglumatyň gurluşynyň bir dilden başga dile manysyny üýtgetmezden geçirilmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy-ensiklopedik eserleri, kitaplary hem sözleri manysy bilen öwrenmäge uly ýardam edýär. Daşary ýurt dillerini okatmak we öwrenmek halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, şunuň bilen birlikde bilermenleriň işleri bilen tanyşmaga, dilleri okatmagyň usulyýetlerinde, tejribede, terjime etmekde alymlaryň işlerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, dünýä tejribesini öwrenip, terjimeçilik usullarynyň dört ugrunyň esas bolup hereket edýändigine göz ýetirýäris.

  • Birinjisi has meşhur usul bolup, ol anyk ugurlarda öwrediji terjimedir. Şu ugra degişli bolan okuw leksikany öwrenmek bilen terjime edilýän dile gözlegler başlanýar. Mundan başga-da, talyplar ýörite ýazuw maglumatlaryna degişli bolan çylşyrymly grammatik gurluşlar bilen işleýärler. Bu usul, esasan, endikleri we saýlanylan ugurda leksikany döretmäge gönükdirilendir.
  • Ikinjisi, önümli usul bolup, terjimäni seljermekdir. Ýokary okuw mekdeplerinde adaty usul boýunça maglumaty seljermek dili we terjimäni öwrenmek üçin möhüm usullaryň biri bolup durýar. Bu aýratynlyklar maglumatyň käbir umumy ýörelgelerine barabar bolmagyna getirýär. Başgaça aýdanymyzda, bu usul terjimäniň ýörelgesine laýyklykda, duýgurlygy talap edýär.
  • Üçünjisi, terjime edilýän tekstiň sözleriniň terjimä geçirilýän dilde many taýdan meňzeşligi gazanylmaly. Bu usulyň aýratynlygy terjimä geçirilýän dilde sözleriň many we görnüş taýdan birmeňzeşligini gazanmagy aňlatmaýar. Topardaky talyplaryň birlikde terjime işinde sözleriň köpmanylygyny (sinonimleri) tapmagy ýumuş tabşyrmaly. Elbetde, talyplar bir sözüň birnäçe manysyny ýüze çykarýarlar. Bu usul köpmanyly sözlere laýyklykda hereket edýär we maglumatyň seljermesiniň esaslaryny özünde jemleýär.
  • Dördünjisi, zehinli we tejribeli terjimeçi bilen birlikde, amal edilýän terjimäniň usulyýetini özünde jemleýär. Bu usulda mugallym talyplara belli bolan maglumatlary ulanýar. Mugallym terjimäniň dürli görnüşlerine seredip geçse-de, olary mümkingadar bahalandyrýar we öz eden terjimesini talyplara görkezýär. Bu usulda mugallym zehinine we tejribesine esaslanýar. Hut şonuň ýaly, ony “awtoritar-döredijilikli” usul diýip atlandyrmak bolýar. Bu usul tejribe alyşmak döwrüne we terjimeçiniň birnäçe ýyllyk tejribesine daýanýar. Bu usul üç basgançakdan ybaratdyr: taýýarlyk, esasy we tejribelilik.

Bu usullaryň esasynda talyplar şeýle görnüşli maglumatlar bilen tanşyp bilerler we tapylan maglumatlaryň dürli görnüşleriniň haýsy hem bolsa bir aýratynlyklaryny döretmek endiklerini kemala getirip bilerler. Terjime edilýän dilde talyplaryň meňzeş maglumatlary, onuň häsiýetli aýratynlyklaryny tapmagy we şoňa meňzeş maglumatlary düzüp, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny seljermegi başarmaklary işiň netijeli bolmagyna itergi berýär.

 

Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi