SIZDEN GELENLER

Tebigat görki bagdyr

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, gorap saklamak, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Şol sanda çöl ösümliklerini goramak, agaç nahallaryny oturtmak, seýrek duş gelýän jandarlary köpeltmek boýunça ýörite çäreler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde zolaklaryny döretmek üçin bezeg we tokaý agaçlarynyň dürli görnüşleriniň nahallaryny hem-de gülleri ýeterlik möçberde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça tokaý milli maksatnamasynyň çygrynda her ýylda 3 million düýp bag nahallaryny ekmek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksat bilen ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda iki möwsümde ýazda we güýzde bag ekmek, öňki ekilen baglara ideg işlerini geçirmek boýunça ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirilýär.

Ýurdumyzyň çar ýanynda oturdylýan bag nahallary eziz Watanymyzyň ýene-de sanlyja ýyllardan çar ýany bag-bossan, salkyn-saýaly ýurda öwrüljekdigini aňlatman, halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa miwe önümleri bilen hem bol üpjün ediljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Agaç oturtmak, ýerleri tokaýlaşdyrmak – agrotehniki esasda toplumlaýyn amala aşyrylýar.

Her bir işde halky baradaky alada edýän hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” köp jiltlik ylmy-ensiklopedik atly kitabynda bellenilişine görä, miwelerde we ir-iýmişlerde biologiki işjeň maddalaryň köpdügi barada giňişleýin beýan edilýär. Ýokumly iýmit maddalaryň adam bedeniniň dürli kesellerini bejermekde uly ähmiýete eýedigi, aýratyn hem miweleriň adam bedeninde ýüze çykjak keselleriň öňüni almakda çäksiz ähmiýete eýedigi baradaky pikirleri okanyňda ýurdumyzda döredilýän bagy-bossanlyklaryň ähmiýetine çuňňur düşünýärsiň.  Hormatly Prezidentimiziň ylmy kitabynda bellenilişi ýaly, miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen adam öz beden agzalarynda emele geljek dürli ýoňlardan, dertlerden, kesellerden saplanmaga mümkinçilik tapýar. Miweleriň, ir-iýmişleriň ýokumlylygy ynsan üçin güýç kuwwatdyr. Şeýle-de, miweler gaýtadan işleýän azyk senagatynyň esasy çig mal serişdeleriniň biri bolup durýar. Tebigy şireleri, mürepbelerdir jemleriň we dürli konserwalaryň taýýarlanmagy olaryň ýylyň ähli möwsüminde ynsan üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Olaryň kakadylan görnüşleri, süýjüli şireleri, gaýtadan işlenilen görnüşleri has köp öndürilip, içeri we daşary bazarlara-da çykarylýar. Şunlukda ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär.

Türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr. Adamlar bag-bakjaly, miweli baglary synlap, üstünden onlarça ýyllar geçse-de, olary kimiň ekendigini ýatlaýarlar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tokaý zolaklaryny döwretmek we giňeltmek başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy.

Häzirki wagtda dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olary topragy berkidip, ýerasty suwlaryň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär.

Milli Liderimiz şäherleriň ilatynyň durmuşynda baglaryň wajyp orny eýeleýändigini hem-de daşky gurşawda gök zolaklaryň ähmiýetini nygtamak bilen şorlaryň ekologik wezipä-amatly, asuda we owadan dynç alyş ýeri hem-de adamalaryň arassa howadan dem almagy üçin niýetlenen ýere öwrülmegi ýaly wezipä aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda bagy-bossanlyklaryň çäginiň giňelmeginiň ähmiýetine göz ýetirmek diýseň buýsançlydyr. Ynsanyň ruhuna ruh goşýan, gözel tebigatymyzyň bezegi bilen baglarymyzyň eýeleýän meýdany has giň bolsun! Goý, her bir ädiminde öz halkynyň eşretli we sagdyn durmuşyny alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara  beslensin!

 Rozygeldi Hallyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.

Amangeldi Baýramow

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

Orazgül Apbasowa: “Käşgä 60 ýaÅŸa dolanyp barsadym…”

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…