SIZDEN GELENLER

Suwdan netijeli peýdalanmak

«Halkyň Ar­ka­dag­ly za­ma­nasy» ýylynda be­re­ket­li dester­han­la­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan bal­dan dat­ly önüm­leriň özü­miz­de ön­dü­ril­me­gi ju­da buý­san­dy­ry­jy­dyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ila­ty­my­zy ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len bo­le­l­in üp­jün et­mek­de uly orun eýe­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si hem uly işleri alyp barýar.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da oba ho­ja­ly­gyn­da durmu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nistan döw­le­ti­miz azyk önüm­le­ri­ni beý­le­ki döw­let­ler­den ge­tir­ýän däl-de, ter­si­ne, bu önümle­ri beý­le­ki döw­let­le­re iber­ýän ýur­da öw­rül­megiň ýo­lun­da ynam­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýar. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň şu­lar ýa­ly çalt dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi üçin ýer hem suw se­riş­de­le­rinden tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we­zi­pe­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow: «Önüm­çi­li­ge hä­zir­ki za­man suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýalar he­mi­şe­lik esas­da or­naş­dy­ry­lar we su­war­ma­gyň ozal ula­nyl­ýan usul­la­ry kä­mil­leş­di­ri­ler» di­ýen söz­le­rin­de hem ýur­du­my­zyň esa­sy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de suw seriş­de­le­ri­ni re­je­li we ne­ti­je­li ulan­mak, ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny sag­dyn­laş­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ma­ny-maz­mu­ny jem­le­nen­dir. Şu sy­ýa­sat­dan ge­lip çyk­ýan ne­ti­je­le­re gö­rä, suw se­riş­dele­ri­ni köp ta­lap ed­ýän ul­gam­lar bo­lan oba ho­ja­ly­gyn­da we se­na­gat­da bu gym­mat­ly baý­ly­ga aýaw­ly ga­ra­mak hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň pa­ýy­na düş­ýär. Se­bä­bi soň­ky ýyl­lar­da ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne yzy­gi­der­li ge­çil­me­gi, te­le­ke­çi­li­giň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, oba ho­ja­ly­gyn­da husu­sy ul­gam has iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­tan­da işe­wür dü­züm­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, ýur­dumyz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, azyk ha­ryt­la­ry­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň eks­por­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan döw­re­bap önüm­çi­lik­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Şol önüm­çi­lik­le­re eko­lo­gi­ýa öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän öň­de­ba­ry­jy usul­la­ryň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy oba­se­na­ga­ty­nyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň ke­pi­li­dir. Şu nuk­daýna­zar­dan, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­miz suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­ma­ga, ekin meý­dan­la­ry­ny su­war­mak me­se­le­le­ri­ne yl­my taý­dan çe­me­leş­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we bu ul­gam­da yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­lik­le­re or­naş­dyr­mak ar­ka­ly suw­dan peý­da­lan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hu­su­sy­ýet­çi­le­ri­mi­ziň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len te­le­ke­çi­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan suw üp­jünçi­lik so­rag­la­ry­ny çöz­me­giň öň­de­ba­ry­jy yl­my tej­ri­be­si düýp­li öw­re­nil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ýe­ras­ty suw­la­ry çy­kar­ma­gyň we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry işe gi­ri­zil­ýär. Çyg sak­la­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ra geç­mek işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, şor­la­şan ýer­ler­de oba hoja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň in­no­wa­si­on usul­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, sü­rüm­li ýer­le­riň şo­ru­ny ýuw­ma­gyň döw­rebap usul­la­ry öz­leş­di­ril­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hu­su­sy­ýet­çi­le­ri­miz su­wy re­je­li we ne­ti­je­li ulan­mak işin­de uly tej­ri­bä eýe­dir. TSTB-niň eke­rançy­lyk ugur­ly ag­za­la­ry suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly peý­da­la­n­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li iş­le­ri — gel­ýän su­wy ak­dyr­mak­dan baş­lap, ony ekin meý­dan­la­ry­na ýe­tir­mä­ge çen­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar­lar. Dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni ula­nyp, dü­züm­le­ýin des­ga­lary gur­ýar­lar. Şun­da su­wuň 35—50 gö­te­rim tyg­şyt­lanma­gy­ny üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da he­re­ket ed­ýän suw gö­te­ri­ji be­ket­le­riň gur­lu­şy­gy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hä­zir­ki dö­wür­de te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň oba ho­ja­ly­gyn­da­ky iş­jeň­li­gi na­za­ra al­nyp, hu­su­sy ul­gam üçin ýy­la­dyş­ha­na gurmak üçin bö­lü­nip be­ril­ýän ýer­le­riň muk­da­ry bar­ha art­ýar. Bu döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň äh­li­sin­de-de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan usul­da he­re­ket edip, su­wy tyg­şyt­ly harç­la­ma­ga, aka­ba­la­ryň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş ul­ga­my ýo­la goý­lan­dyr. Şu ýer­de dam­ja­la­ýyn ul­ga­myň iş­leý­şi hem-de äh­mi­ýe­ti ba­ra­da bel­läp geç­sek, ýer­lik­li bol­sa ge­rek. Se­bä­bi bu usu­lyň su­wy tyg­şyt­la­mak­da­ky äh­mi­ýe­ti te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň ýur­du­myzyň suw baý­lyk­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga goş­ýan go­şan­dy­na göz ýe­tir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Il­ki bi­len, dam­ja­la­ýyn su­war­ýan teh­no­lo­gi­ýa esa­syn­da ýe­tiş­di­ri­len eki­ne harç­lan­ýan su­wuň öň­ki ada­ty usul­da­ky­dan iki es­se azal­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li­dir. Bu teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýene bir go­wy ta­ra­py, ekin­le­re mi­ne­ral dö­kün­ler suw bi­len bi­le goý­be­ril­ýär, su­wa­ryş iş­le­ri bol­sa do­ly aw­to­mat­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ep-es­li art­dyr­ýar. Eme­li ýa­gyş ýag­dy­ry­lan­da, su­wy ekin meý­dan­la­ry­nyň üstün­de deň ýaý­rat­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Dam­ja­la­ýyn usul ekin­le­re zy­ýan ber­mez­den, su­war­ma­gyň äh­li ka­da­la­ry­ny dürs ber­jaý ed­ýär, bir dam­ja suw hem is­rip bol­ma­ýar. Su­wy ekin meý­dan­la­ry­nyň üs­tü­ne ýaý­rat­mak üçin ar­tyk­maç ha­ra­jat ta­lap edil­me­ýär, su­wuň ho­wa­da bu­ga­ryp gid­ýän muk­da­ry azal­ýar. Ýap­dan su­wa­ry­lan­da, su­wuň te­bi­gy ýit­gi­si 25—30 gö­te­ri­me go­laý­la­ýar. Şeý­le-de eme­li ýa­gyş ýag­dy­ry­lan­da, su­wuň top­ra­ga siňi­şi, ýe­riň üs­ti bi­len su­wa­ry­lan­da, su­wuň top­ra­ga si­ňiş tiz­li­gin­den örän ta­pa­wut­lan­ýar, ýag­ny suw topra­ga hiç hi­li ag­ram­syz siň­ýär.

Bibihatyja Begjanowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/dost-doganlyk-yollary-hindistana-ozbolusly-syyahat/

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri