SIZDEN GELENLER

Suw- ýaşaýşyň çeşmesi

Türkmeniň kalby ýaly arassa, tämiz bahar pasly baýramçylyk dabaralaryna diýseň baýdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralaryň yzy üzülmeýär.

Ata-babalarymyz “Akar suwa haram ýokmaz” diýen hem bolsalar, hiç bir adamyň  ýa-da hojalygyň suwy hapalamaga haky ýokdur. Çünki suw halkyň we döwletiň baýlygydyr. Türkmen halky ýere, suwa uly hormat goýýar. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny akar suw bolçulygy bilen üpjün etmek ugrunda birnäçe giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, Garagumyň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagynyň hem halk hojalyk we ekologik ähmiýeti uly bolup, täze suwarymly ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrmakda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, esasan hem batly depginler ösüp barýan maldarçylyk pudagy üçin öri meýdanlaryny döretmekde, bar bolan öri meýdanlarynyň bolsa, gerimini ulaltmakda giň mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň suw baýlyklaryna Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek we Sumbar derýalarynyň, Garagum we Türkmen derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk  eňňitlerinden gözbaşyny alýan ownuk derýalaryň suwlary, käriz we ýerasty suwlar degişlidir.

Derýalar we olaryň suwy adamzat üçin iň elýeterli hiç bir başga suw desgasy bilen çalşyp bolmajak süýji suw baýlyklarydyr. Emma olar Ỳer togalagyndaky ähli süýji suw baýlyklarynyň bary-ýogy 0,004 göterimini tutýar. Adamzadyň, ähli janly- jandarlaryň, ösümlikleriň jany, ýaşaýşy suwa baglydyr. Suw ýaşaýşyň çeşmesi diýlip ýöne ýerden aýdylmandyr.

Hawa, suw- ýaşaýyş, suw- ömür, rysgal, döwletli döwrandyr! Tebigatyň beren bu gymmatly baýlygyny aýawly saklamagy, her damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly saklamak, aýawly peýdalanmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr! Baýramçylyga beslenen baharyň güneşli günlerinde Daşoguz welaýatynyň ýerli ilatynyň gatnaşmagynda  Garagum derýasynyň ýakasyna agaç nahallary oturdyldy.

Ýaňyljan PALÝAZOWA,

       Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Gowaça ekişine badalga berildi

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika