SIZDEN GELENLER

Sungatyň geçmişinden söz

Tans ilki durmuş sungatynyň  esasy  bölekleriniň  biridir. Ilki  durmuş sungaty Sinktretiki  sungaty bolýar. Sinkretika sungatynda ähli  sungatyň köki jemlenendir. Sungat  nädip döreýär?

Ol  b.e.öň  40 -20-nji ýyllar aralygynda döreýär. Ol hakda dünýä belli alym Marksyň düşünjesine görä “sungat zähmetiň üsti bilen döreýär” diýip, aýdýar. Gadymy döwürlerde tans aýratyn orun alypdyr. Hemme tanslar ritm bilen ýerine ýetirilýär. Ritm bolsa, tebigatyň syrydyr. Tans, bu hereketiň üsti bilen görkezilýän duýguny görkezmek üçin adamda duýgy bolmaly. Ol duýgy bolsa  hereketleriň üsti bilen görkezilýär. Gadymy tanslaryň birnäçe görnüşleri bar, ýagny: Awçylaryň tansy ýa-da däp-dessur  tanslary bolup durýar. Awçylaryň  tansy 2 görnüşde bolýar, olar: Awa gitmezden öň edilýär we awdan gaýdyp gelenden soň edilýär. Awçy tansy iň gadymy tans hasap edilýär. Gitmezden öň edilýän tanslarda awa gidip, tutjak haýwanynyň keşbini görkezýär. Awdan gelende görkezilen hereketler üýtgeýär we awyň geçişini hereket üsti bilen ýerine ýetirýärler.

Şekillendiriş sungaty

Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekillendirip bilmek ukybydyr: Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr.

Şekillendiriş sungaty dünýäniň, adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlik dünýäsiniň şekilini suratlandyrýar, jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny, olaryň pikirini, arzuwlaryny we duýgularyny şöhlelendirýär.

Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri:

1.Nakgaşlyk- dünýäniň keşbini dürli reňkleriň sazlaşygynda suratlandyrýar.

2.Grafika- kagyzyň ýüzünde 1, 2 reňk bilen (ak, gara) çekilýän şekillendiriş sungatynyň görnüşi, grafikanyň esasy çeperçilik serişdesi- çyzyk, ştrih, nokat. Grafikada birnäçe reňkler hem ulanylýar.

  1. Heýkeltaraşlyk: Şekillendiriş sungatynyň göwrümli görnişi. Onuň 3 ölçegi bar- beýikligi, uzynlygy, galyňlygy.

Galkynyş Sungaty

Günbatar Ýewropada XV- XⅥ asyrlarda medeniýetiň we ylmyň ösüşi bolup geçýär. Näme üçin bu döwriň adyna, Galkynyş (Renessans) diýipdirler ?

Renessans fransuz sözi bolup “galkynyş” diýmekdir. Sebäbi, bu döwürde suratkeşler gadymy Gresiýanyň, gadymy Rimiň antika sungatyny öwrenipdirler. Ýeriň aşagyndan tapylan heýkelleri öwrenipdirler. Orta asyrlaryň suratkeşleri  anotomiýany, perspektiwany bilmändirler. Şol sebäpden hem adamlaryň şekili göwrümli däl-de ýasy görnüşinde beýan edilipdir we adamy ruhubelent görkezmek üçin olaryň gözlerini uly edilipdir.

 

Taýýarlan Merjen ATAGARRYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş  uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty