DÜNÝÄ

SPEСA howanyň üýtgemegi babatda durnukly şäherler forumyny döreder

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEСA) hepdeligi we onuň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Düýn «Ýyldyz» myhmanhanasynda guralan Ýolbaşçylar geňeşiniň 20-nji mejlisi bolsa hepdeligiň jemleýji çäresi boldy.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPEСA-da başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümiň işini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi.

Ýolbaşçylar geňeşiniň mejlisinde SPEСA-nyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny kabul etmek bilen bagly meselä hem garaldy. Şeýle-de SPEСA-nyň köptaraplaýyn resminamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEСA) howanyň üýtgemegi babatda durnukly şäherler forumyny döretmek hakynda meýiller baradaky Beýannama gol çekdi.

Mundan başga-da, SPEСA-nyň ykdysady forumynyň we Ýolbaşçylar geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Köphyzmatdaşly ynam gaznasynyň dolandyryş komitetiniň üçünji mejlisi SPEСA hepdeliginiň çäklerinde guralan köpugurly maslahatlaşmalaryň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Ýene-de okaň

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär